Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň polisiýa işgäri öz kärdeşleriniň 9-syny öldürdi


Anna güni Owganystanyň polisiýasy ýurduň Paktiýa welaýatynda bir polisiýa işgäriniň uklap ýatan öz kärdeşleriniň dokuzysyny atyp öldürendigini habar berdi.

Welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygy Dawut Khanyň aýtmagyna görä, bu waka şu gün irden bu welaýatyň Ýahýa Kel etrabynda ýüz beripdir.

Ol kärdeşlerini atyp öldüren Assadullah atly bu polisiýa işgäriniň eli ýaragly gaçyp gidendigini we häzirki wagt onuň gözlegdedigini aýtdy.

Bu hüjüme nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG