Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýanyň prezidenti Pal Şmitt edebi ogurlykda aýyplanylýar


Wengriýanyň prezidenti Pal Şmitt özüniň ylmy doktorlyk dissertasiýasynda edebi ogurlyga ýol berenlikde özüne bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly özüniň anna günki resmi iş planlaryny ýatyrdy.

Pal Şmittiň metbugat sekretary jenap Şmittiň anna güni agşam döwlet telewideniýesinde bu wakalar bilen baglanyşykly çykyş etjekdigini aýtdy.

Emma ol prezident Pal Şmittiň wezipesinden çekiljekdigi barada habar serişdelerinde peýda bolan çaklamalaryň näderejede esaslydygy ýa däldigi barada belli bir zat aýtmakdan saklandy.

Hepdäniň peşenbe güni Budapeştiň Semmelweis uniwersiteti prezident Şmittiň 1992-nji ýylda ýazan doktorlyk ylmy dissertasiýasynyň uly böleginiň başga bir alymyň ylmy işinden göçürilendigini aýdyp, ony doktorlyk ylmy derejesinden mahrum edýändigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG