Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada ekstremistler diýlip güman edilýän 19 adam tussag edildi


Anna güni Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi bu ýurduň dürli şäherlerinde geçirilen reýdlerde yslamçy ekstremistler diýlip güman edilýän adamlaryň azyndan 19-synyň tussag edilendigini mälim etdi.

Fransiýanyň döwlet radiosynda bu barada eden beýanatynda prezident Sarkozi bu reýdleriň barşynda ýaraglaryň-da ele salnandygyny aýtdy. Ol şeýle operasiýalaryň ýene-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Geçen hepde Fransiýanyň Tulus şäherinde ýedi adamy öldürmekde güman edilýn yslamçy ekstremist Muhammed Merahy tussag etmek boýunça geçirilen operasiýada ol atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG