Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň nebit kompaniýasy Eýrandan alýan nebitini azaltdy


Anna güni Türkiýäniň “Tupras” atly milli nebit kompaniýasy Eýrandan satyn alýan nebitini 20 prosent kemeldendigini mälim etdi.

Türkiýäniň kompaniýasy muny Birleşen Ştatlaryň temmilerine sezewar bolmazlyk üçin görlen çäre hökmünde düşündirýär.

Ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň Merkezi banky bilen nebit söwdalary boýunça pul dolanyşygyny alyp barýan daşary ýurt kompaniýalaryna garşy çäre görjekdigi bilen duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG