Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda arheologiýa we taryh boýunça halkara konferensiýasy geçirildi


Penşenbe güni Aşgabatda “Ýewraziýa siwilizasiýasynyň sistemasynda Türkmenistanyň orta asyr şäherleri” ady bilen iki günlük halkara ylmy konferensiýasy öz işini tamamlady.

Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan taryhçylaryň we ylmy işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen bu konferensiýada arheologiýa we taryhy öwreniş bilen baglanyşykly giň meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Maglumata görä, halkara ylmy konferensiýanyň çäklerinde bu konferensiýanyň delegatlary Türkmenistanyň “Nusaý” taryhy döwlet zapowednigine-de sapar edipdirler.
XS
SM
MD
LG