Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jelaleddin Rumynyň kakasy


Jelaleddin Rumynyň heýkeli, Täjigistanyň Hatlon regiony.
Jelaleddin Rumynyň heýkeli, Täjigistanyň Hatlon regiony.
Gündogarda örän meşhur “Möwlana” sopuçylyk taglymatyny esaslandyran Jelaleddin Rumynyň kakasy Bahaweddin Welet Ahmet Hatabyň maşgalasynda, takmynan, on ikinji asyryň 60-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda Balhda dünýä inýär.

Bahaweddin Welet Gündogaryň beýik piri Nejmeddin Kubra bilen Meždeddin Bagdadynyň müridi bolupdyr. Meždeddin Bagdady diýseň gönümel, hakykat üçin janyny bermäge taýyn adam ekeni. Bahaweddin Welet bolsa gaty sypaýy, ýöne çaksyz özdiýenli adam bolupdyr.

Horezm patyşasy Muhammet Meždeddin Bagdadyny öldürip, kellesini-de Amyderýä okladypdyr. Bahaweddin Welet halypasynyň zalymlyk bilen patyşa tarapyndan kellesiniň kesilmegine açyk närazylyk bildiripdir. Munuňam üstesine, Muhammet Horezmşa 1218-nji ýylda arap halyfatlygyna öz adyna hutba, patyşanyň adyna hutba – her namazdan soň ýörite adyl patyşanyň hormatyna okalýan alkyşly dileg-doga okatdyrmak üçin ýöriş edende, Bahaweddin Welediň hem tarapdarlarynyň ol ýörişi unamazlygy onuň patyşa bilen gatnaşygyny soňsuz derejede ýitileşdiripdir. Bahaweddin Weledi ölümden onuň il içindäki uly abraýy halas edipdir, çünki ol äpet uly Horezmşalar soltanlygynda “ulamalaryň soltany” diýen at bilen tanalypdyr.

Gündogary öwrenijileriň, şeýle-de Radiý Fiş ýaly Rumy hem onuň kakasy hakynda çeper eser ýazan ussatlaryň tassyklamagyna görä, Muhammet Horezmşa ulamalaryň soltany Bahaweddin Weledi ýanyna çagyryp: “Bir ýurtda iki patyşanyň geregi ýok. Ýa-ha tagta eýe bol, ýa-da ýurtdan çyk” diýip, ýüregindäkini açyk aýdypdyr.

Şeýlelikde Bahaweddin Welet 1219-njy ýylyň alabaharynda Balh şäherini taşlap, ýola rowana bolupdyr. Onuň yzyna Balhyň tas ähli ilaty düşüpdir. Balhyň boşap galmagyndan howatyr eden Muhammet Horezmşa: “Bahaweddin Weledi ýurtdan çykarmaly” diýen permanyny ýatyrýandygyny yglan edipdir. Emma Bahaweddin Welet bu ýurtda mundan artyk durup bilmejekdigini çürt-kesik aýdypdyr. Ol, her niçigem bolsa, öz yzyna düşen müňlerçe, käbir maglumata görä, 200 müň adamy höre-köşe edip, ýurtda galdyrmagy başarypdyr.

Bahaweddin Welet ýurtdan çykyp gitmezden öňürti dünýä howp bolup dörejek Çingiz handan goranyşa taýýarlyk görülmese, bu uly soltanlygyň dargamagynyň daş däldigini welilik bilen tas bir ýyl öňünden aýdyp gidipdir.

Ulamalaryň soltany Bahaweddin Welet öz 360 müridini, olaryň maşgalasyny yzyna tirkäp, Nişapurda düşläpdir. Ol bu ýerde uly pir, meşhur “Guş dili” atly poemanyň awtory Ferideddin Attary görmek üçin, ogly Jelaleddin Rumy bilen onuň huzuryna barypdyr. Şol wagtlar on iki ýaşynyň içindäki Jelaleddin Ferideddin Attaryň “Guş dili” poemasyny hem birnäçe rubagysyny ýatdan bilýär ekeni.

Ferideddin Attar ataly-ogly öz ýeke-täk perzendiniň jaýlanan gonamçylygynda, ot başynda kabul edipdir. Olar özara hal-ahwal soraşanlaryndan soň, uzak wagtlap birek-biregi synlap oturypdyrlar. Ahyry ulamalaryň soltany Ferideddin Attaryň şu rubagysyny aýdyp, ümsümligi bozupdyr:

Pana ygtybar ýok, dilim guş dili,
Syrdaşym ýok, derdim aýdarym ýaly.
Hak hossarym ýetiş guluň dadyna
Ýalançyda ne diri men, ne öli.
(Rubagynyň terjimesi awtoryňky)


Ýaşajyk Jelaleddin kakasy bilen Ferideddin Attaryň şol duşuşyklarynda eden gürrüňlerini gulaga öwrülip diňläpdir. Gürrüňdeşligiň soňunda Ferideddin Attar Rumynyň başyny sypap, Bahaweddin Weletden ogly hakda uly alada etmegi berk tabşyrypdyr hem özüniň “Älem beýany we adamzadyň kysmaty” atly filosofiki pikirleriniň jemlemesi bolan eserini Jelaleddine sowgat beripdir.

Bahaweddin Welet on bäş gün Nişapurda dynç alandan soňra Damaskda, Halapda ahyry hem Larende (Garaman) şäherinde düşläp, şol ýerde mekan tutupdyr. Tiz wagtdan onuň abraýy Rum ülkesine ýaýrapdyr. Rum ülkesiniň Konýa şäheriniň häkimi Keýkubat ony öz ýanyna çagyrypdyr. Ulamalaryň soltany bu çakylygy kabul edip, Konýa şäherine göçüp barypdyr.

Keýkubat Bahaweddin Welede hormat edip, ony Konýa şäherinden birnäçe menzil uzaklykda hut özi garşylapdyr. Şäher häkimi oňa Konýanyň islän künjeginde mekan tutmaga rugsat beripdir. Bahaweddin Welet hristianlarynyň ýaşaýan syrgynyna gelip, şolaryň arasynda mekan tutupdyr.

Bahaweddin Welet medrese açypdyr. Bu ýokary okuw islendik dine uýýan adamlary kabul edipdir. Hut Jelaleddin hem Konýada kakasynyň medresesini tamamlapdyr.

Rum ülkesinde-de uly pir hökmünde ykrar edilen Bahaweddin Welet 1231-njy ýylda aradan çykypdyr. Ulamalaryň soltanynyň yzyny onuň wepaly şägirdi hem ogly Jelaleddin Rumy dowam etdiripdir.

Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG