Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dramaturgy: 'Bizden wyždan uçup barýar'


Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Studentler teatry. Aşgabat, awgust, 2009.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Studentler teatry. Aşgabat, awgust, 2009.
27-nji martda dünýä jemgyýetçiligi Halkara Teatr gününi belläp geçdi. Teatr güni beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, her ýyl Türkmenistanda-da bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň ýarym asyrlyk taryhy bar. Teatrlaryň Halkara güni ilkinji gezek 1961-nji ýylda Halkara Teatr instituty tarapyndan esaslandyrylypdy. Şondan bärem ol halkara häsiýete eýe boldy. Azatlyk Radiosy Orsýet Federasiýasynda ýaşaýan tükmen ýazyjysy we dramaturgy Jora Hudaýberdiýew bilen şu Teatr güni hem-de, umuman, teatr sungaty barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, Halkara Teatr güni hut siziň özüňiz üçin nähili ähmiýete eýe?

J.Hudaýberdiýew: Elbetde, teatr muşdaklary, teatr işgärleri hem biz – dramaturglar 27-nji marty aýratyn duýgular bilen garşy alýarys. Teatr gününe gabatlap, Gazagystanyň Çimkent şäherindäki özbek teatry meniň “Perişdeler uçdular” dramamy sahna çykaryp, maňa sowgat etdi. Bu meniň ol teatrda goýlan üçünji eserim boldy.

Azatlyk Radiosy: Jora aga, bu ýakymly täzelik bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň ol dramaňyzyň esasy mazmuny näme barada?

J.Hudaýberdiýew: “Perişdeler uçdular” meniň mamam Gülli Allaşowa bagyşlanýar. Eseriň sýužeti hem şonuň durmuşyndan alyndy. Ol ýerde özbek-türkmen aragatnaşyklary beýan edlýär. Men ol dramam üçin gowgaly 37-nji ýylda bolan bir wakany esas edip aldym.

Ol wagtlar meniň mamam orta ýaşlaryndaky bir aýaldy. Olar gyşda ýap gazyp ýörenlerinde, “iki ýaş ýetginjegi tutup, kontora gabapdyrlar” diýen habar gelýär. Mamam “biziňkiler bolaýmasyn” diýip, kontora barýar. Oňa iki sany özbek ýaş ýetginjegiň gabalandygyny aýdýarlar. Mamam gapyny döwüp, ol oglanlary halas edýär.

Azatlyk Radiosy: Şol waka bilen bagly siz “Perişdeler uçdular” diýjek bolduňyzmy?

J.Hudaýberdiýew: Ýok, diňe ol däl. Men şonuň üsti bilen şu günüň ýagdaýyny aýtjak boldum. Biziň halkymyzda zalym, erbet adamlar hakynda “Pylanynyň ýüzüniň perişdesi uçupdyr, onuň ýüzünde perişde ýok” diýýärler. Men halkymyzdaky şol paýhasly sözi, meňzetmäni ulandym.

Meniň aýtmak isleýän zadym, şu günüň esasy problemalarynyň biri – biziň ýüzümizden perişdeleriň uçup barýanlygy. Bu diýildigi biziň ýüzümizden utanç uçup barýar, bizden wyždan uçup barýar, bizden dogruçyllyk, adalatlylyk, hakykat – adamzadyň iň bir ajaýyp häsiýetleri ýok bolup barýar.

Şuny nädip saklamaly? Perişdeleriň ynsanyň ýüzünde galmagy üçin näme etmeli? Men şu meselelere üns berdim. Ol eseriň sahna çykmagy meniň üçin ullakan sowgat boldy. Men bu ýylky Teatrlar gününi aýratyn duýgular bilen garşy aldym. Ýene bir bellemeli zat, Çimkent teatrynyň topary “Perişdeler uçdular” spektakly bilen Tatarystanyň paýtagty Gazan şäherinde iýun aýynda geçiriljek türki halklaryň teatr festiwalyna gatnaşmakçy.

Azatlyk Radiosy: Siziň eseriňiz bilen özbek teatrynyň Tataystanda çykyş etmegi, elbetde, ýakymly waka. Özbek teatry siziň pýesaňyz bilen Türkmenistanda boldumy?

J.Hudaýberdiýew: Ýigrimi ýyl çemesi mundan öň Surhanderýanyň oblast teatry meniň bir komediýam bilen Çarşaňňy, Dostluk hem Hojambaz etraplarynda bolupdy. Halk olary gowy garşylady.

Men bir gezek Aşgabada baranymda, öz ildeşlerime minnetdarlygymy bildirip, makala ýazypdym. Ildeşlerim şol teatryň artistlerini hormatlap, söwüş soýup, olary myhmançylyga çagyrypdyrlar. Indi Gazagystandaky özbek teatry hem “Perişdeler uçdular” bilen biziň ilimize barmakçy. Meniň pikirmçe, muňa rugsat edilse, meniň ildeşlerim gaty minnetdar bolardy.

Azatlyk Radiosy: Her bir dörediji adamyň öz okyjysy, tomaşaçysy bilen duşuşup durmagy möhüm, sebäbi olaryň begenjini hem gynanjyny duýmak örän möhüm. Siz ýurtdan çetde ýaşap, ony nähili duýup bilýärsiňiz?

J.Hudaýberdiýew: Bu mende kynçylyk döredýär. Sebäbi Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda “Kemal” atly pýesam gaty abraýly gitdi. Men artistleren gaty hoşal boldum. Köp ýaş artistler ol ýerde öz ukyplaryny açdylar. Tomaşaçylardan men köp gowy sözler eşitdim. Tomaşaçylaryň pikirini eşitseň, ganatlanan ýaly bolýaň. Gäminiň ýelkenine şemal dolan ýaly, bir galkynyp gidýäň. Watandan uzakda şeýle reaksiýa ýok. Bu meniň üçin gaty otrisatel faktor.

Azatlyk Radiosy: Siziň geljekki planlaryňyz nähili?

J.Hudaýberdiýew: Teatrlaryň üçüsiniň palnynda täze üç pýesa bar. Şolary sahna çykarmakçy. Öňünden bir zat aýtmak kyn. Durmuş her gün özüniň täze-täze problemalaryny getirip dur. Bir sebäp bolýar, pýesa ol aýdan beýleki aýa ýa-da beýleki ýyla geçýär.

Azatlyk Radiosy: Ol üç eseri Türkmenistanyň teatrlary-da sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýarlarmy?

J.Hudaýberdiýew: Ýok, ony Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň teatrlary göz öňünde tutýarlar. Gynansam-da, Türkmenistanyň teatrlary bilen aragatnaşygym bütinleý üzüldi. Onsoňam, köp režissýorlar aradan çykypdyr. Men barada gowy pikirde bolan zehinli režissýor Durdy Öräýew ýogalypdyr. Zehinli režissýor Öwülýäguly Hojagulyýew başga ýerde işläp ýör. Ol häzir Özbegistanda hem Gyrgyzystanda spektakl goýýar. Ýagdaý şeýleräk.

Ýöne adam elmydama gowulyk hakynda arzuw edýär. Geljekde Merkezi Aziýadaky syýasy düzgünler demokratizasiýalaşar, köp gadagan edýilýän zatlar aradan aýrylar, durmuş düzelişer diýlen umyt bilen ýaşaýaryn.

Terjimehaly

Jora Hudaýberdiýew 1949-njy ýylda Türkmenistanyň Çarşaňňy etrabynyň Çarşaňňy posýologynda dünýä indi. 1966-njy ýylda Daşrabat obasyndaky orta mekdebi tamamlady. Şol ýyl hem Oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine gaýybana okuwa girdi.

1969-njy ýylda “Edebiýat we sungat” gazetinde onuň “Namys” atly ilkinji hekaýasy çap boldy hem şol hekaýadan soň ol döredijilik toparlarynda tanalyp başlandy. Ol 1970-75-nji ýyllar aralygynda Moskwadaky Edebiýat institutynda okady. Türkmenistana gaýdyp gelip, Jora Hudaýberdiýew Lebabyň oblast gazetinde, Aşgabatda “Ýaş kommuunist” gazetinde işledi.

Jora Hudaýberdiýew “Partlaýyş” romanynyň, ençeme powestleriň we hekaýalaryň awtorydyr. Ol ýigrimiden gowrak drama eserini döretdi. Bu eserlerden köpüsi türkmen hem rus dillerinde aýratyn kitap bolup çykdy.

Aşgabadyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda Jora Hudaýberdiýewiň “Kemal” we “Münetjim”, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda bolsa “Hökümdar” spektakllary üstünlikli görkezildi.

Onuň drama eserleri Özbegistanyň hem Gazagystanyň dürli teatrlarynda yzygiderli goýulýar. Häzir Çimkentdäki özbek teatrynda onuň soňky täze eserlerinden biri “Perişdeler uçdular” spektakly görkezilýär.

Jora Hudaýberdiýew 1980-nji ýyllardan bäri Orsýetiň Elista şäherinde ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG