Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň taryhynda iň uly lotereý utuşy yglan edildi


Anna güni giçlik Birleşen Ştatlarda “jackpot” lotereýa oýnunda bu ýurduň taryhynda iň uly utuşyň bolandygy yglan edildi.

Bu gezek “jackpot” lotereýa oýnunyň utuş fondy 640 million dollara ýetdi. Bu pul fonduny utmak üçin soňky günler Birleşen Ştatlarda “jackpot” lotereýasyny satyn alýanlaryň sany onlarça esse köpeldi.

Anna güni agşam lotereýa şarlarynyň seçimi geçirildi we utuş nomerleri yglan edildi. Lotereýa şarlarynda çykan utuş nomerleri 2,4, 23, 38 we 46 nomerler boldy.

Häzirlikçe bu nomerleriň Meriland ştatyndaky “Baltimore Country” atly dynç alyş merkezinde doldurylan bir lotereýanyň nomerlerine gabat gelýändigi belli boldy.

Şeýle nomerli lotereýalar ýene-de ýüze çykan halatynda, utujylar 640 million dollary öz aralarynda paýlaşmaly bolarlar.
XS
SM
MD
LG