Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli resmi depderleriň daşyndaky suratlara alada bildirýär


Graždan jemgyýetini ösdürmek we ynsan hukuklaryny goramak meselesi boýunça Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky ýörite komissiýanyň başlygy Mihail Fedotow okuw depderleriniň daşyna syýasy şahsyýetleriň suratlarynyň çap edilmegini tankytlap çykyş etdi.

Hususan-da, ol ýakynda Moskwada daşyna sowet diktatory Iosef Staliniň suraty ýerleşdirilen depderleriň satuwa çykarylmagyna öz aladasyny bildirdi.

Bu barada eden çykyşynda Mihail Fedotow “Eger depderleriň daşyna beýik rus ýazyjylarynyň, kompozitorlarynyň ýa alymlarynyň suraty ýerleşdirilen bolanlygynda, bu hiç kimi alada goýmazdy. Emma mekdepler syýasy propogandanyň ýerine öwrülmeli däldir” diýip nygtady.
XS
SM
MD
LG