Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti ýaragly söweşijilerden üstün çykylandygyny aýdýar


Şenbe güni Siriýanyň Daşary işler ministrligi ýurduň harby güýçleriniň hökümete garşy ýaragly güýçlerden üstün çykandygyny öňe sürüp, beýanat etdi.

Bu barada eden çykyşynda Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad Makdisi hökümet güýçleriniň şäherlerde diňe durnuklylyk doly ornaşdyrylandan soň, yzlaryna çekiljekdiklerini mälim etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan Siriýanyň hökümetini oppozision güýçler bilen haýdan-haý parahatçylyk baradaky gepleşiklere başlamaklyga çagyryp gelýär.
XS
SM
MD
LG