Sepleriň elýeterliligi

Agyr gyşdan soň, Orsýet Täjigistana gumanitar kömek bermekçi


Anna güni Orsýetiň häkimiýetleri Täjigistanda uzak dowam eden adatdan daşary sowuk gyşyň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek üçin bu ýurda gyssagly gumanitar ýardamlaryň ugradyljakdygyny mälim etdiler.

Orsýetiň resmileri bu babatda Täjigistanyň Moskwa kömek sorap ýüz tutandygyny aýdýarlar.

Şu geçen gyşda adatdan daşary sowuk howa zerarly Täjigistanyň oba-hojalyk sektory uly zyýan çekdi. Ýanwar we fewral aýlarynda dünýäniň 20-den gowrak ýurdy Täjigistana bahasy 6 million dollarlyk gumanitar kömek ugratdy.
XS
SM
MD
LG