Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” Ýewropa akdyrýan gazyny Belarusyň üsti bilen akdyrmakçy


Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň ýörite wekili Sergeý Kuprýanow bu kompaniýanyň Ýewropa akdyrýan gazyny indi, esasan, Ukrainanyň üsti bilen däl-de, Belarusyň üsti bilen akdyrmakçydygyny aýtdy. Ol bu ugurdaky işleriň eýýäm amala aşyrylyp başlanandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň “Naftogaz” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Wadim Çuprin Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa akýan Orsýet gazynyň möçberiniň häzirki wagt hakykatdanam görnetin azalandygyny tassyklady.

Belarusyň territoriýasyndaky gazgeçirijilere eýelik edýän “Beltransgaz” kompaniýasynyň aksiýalary häzirki wagt Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna degişli. Belarusyň hökümeti “Beltransgaz” kompaniýasyndaky öz aksiýalaryny geçen ýylyň ahyrynda “Gazpromyn” haýryna geçiripdi.
XS
SM
MD
LG