Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň delegasiýasy Aşgabatda adam hukuklary bilen gyzyklandy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň ýörite delegasiýasy Türkmenistanyň prezident edarasynyň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutda we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili hanym Sýuzan Jon Kukuň ýolbaşçylygyndaky bu amerikan delegasiýasynyň wekilleri bu duşuşyklarda Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik prosesler hem-de adam hukuklarynyň berjak ediliş ýagdaýlary bilen tanyşdyryldy.

Bu saparyň barşynda amerikan delegasiýasynyň Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmenistanyň milli haly muzeýine we Türkmenistanyň “Nusaý” taryhy-medeni zapowednigine hem sapar edendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG