Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Eýrana garşy ädimi güýçlenjek


"Kongresiň kabul eden kanunçylygynda ýagdaýa şeýle baha berişligi mundan beýläk her 6 aýdan bir gezek geçirmeklik-de şert edilip goýulýar".

"Kongresiň kabul eden kanunçylygynda ýagdaýa şeýle baha berişligi mundan beýläk her 6 aýdan bir gezek geçirmeklik-de şert edilip goýulýar".

Anna güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň nebit eksportyny nyşana alýan sanksiýalary dowam etdirmek boýunça öňe hereket ediljekdigini mälim etdi.

Bu baradaky beýanatda “nebite bolan häzirki islegler, käbir ýurtlaryň nebit öndürijiliginiň artmagy, nebit çig malynyň we nebit önümleriniň hususy rezerwleri hem-de elýeterli strategik nebit rezerwleri baradaky häzirki görkezijiler” göz öňünde tutulyp, şeýle karara gelnendigi aýdylýar.

Her 6 aýda netije çykarylar

Geçen ýylyň ahyrynda bu mesele barada Kongresiň kabul eden kanuny dokumentinde beýleki ýurtlaryň nebit eksportynyň möçberiniň hem-de bahasynyň Eýrandan nebit satyn alýan ýurtlara bu ýurtdan nebit almaklaryny görnetin çäklendirmäge mümkinçilik berjekdigi ýa bermejekdigi baradaky ýagdaýa 30-njy marta çenli baha bermeklik şert edilip goýulypdy.

Kongresiň kabul eden kanunçylygynda ýagdaýa şeýle baha berişligi mundan beýläk her 6 aýdan bir gezek geçirmeklik-de şert edilip goýulýar.

"Eýranyň umumy söwda girdejileriniň 70%-e golaýy nebit söwdasyndan gelýän girdejiler diýlip hasaplanylýar".

"Eýranyň umumy söwda girdejileriniň 70%-e golaýy nebit söwdasyndan gelýän girdejiler diýlip hasaplanylýar".

Ýöne anna güni ABŞ-nyň prezident administrasiýasy Eýranyň nebit eksportyna garşy mundan beýläkki giriziljek çäklendirmeleriň onsuz hem bahasy ýokarlanan nebitiň halkara bazaryndaky bahasyna nähili täsir ýetirjekdigi baradaky mesele barada anyk bir garaýşy öňe sürmedi.

Ak Tam diňe nebite bolan halkara islegiň artmagynyň nebitiň bahasyna täsir edýändigini bellemek bilen çäklendi.

Tomusda güýje girer

ABŞ-nyň ştatlarynyň ýolbaşçylaryna, Gazna we Energiýa ministrliklerine ýollan memorandumynda prezident Barak Obama Eýrandan satyn alynýan nebitiň möçberiniň kemeldilmegi bilen bagly ýagdaýa nebit bazarynyň uýgunlaşyşyna özüniň ýakyndan gözegçilik etmegini dowam etdirjekdigini nygtapdyr.

Eýranyň nebit eksportyna garşy Birleşen Ştatlaryň göz öňünde tutýan täze sanksiýalary iýun aýynyň ahyrynda güýje girer.

Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň nebitine girizen embargosy bolsa iýul aýyndan başlap güýje girýär.

Eýranyň umumy söwda girdejileriniň 70%-e golaýy nebit söwdasyndan gelýän girdejiler diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG