Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemeniň günortasynda ýaragly söweşijiler edi esgeri öldürdiler


Ýekşenbe güni daňdanlar Ýemeniň günortasynda Al-Kaýda bilen ilteşikli hasaplanylýan ýaragly söweşijiler ýurduň hökümet güýçlerine hüjüm edip, ýedi esgeri öldürdiler.

Ýemeniň resmileri ýurduň Hadramout prowinsiýasynda ýüz beren bu wakada ýaragly söweşijileriň uklap ýatan esgerlere hüjüm edendiklerini aýdýarlar.

Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň dolandyryşyna garşy bir ýyl dowam eden halk çykyşlarynyň fonunda ýurduň günorta regionynda ýaragly söweşijiler öz kontrollyklaryny ornaşdyrdylar.

Şu ýylyň başynda Ali Abdullah Saleh oppozisiýa bilen özara ylalaşyklaryň netijesinde, häkimiýetden çekilmäge razy boldy.
XS
SM
MD
LG