Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň Uruzgan welaýatynda iki sany deputat öldürildi


Şenbe güni giçlik Owganystanyň polisiýasy ýurduň Uruzgan welaýatynda ýol gyrasynda goýlan bombanyň partlamagy netijesinde welaýat geňeşiniň iki sany deputatynyň we bir polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdi.

Uruzgan welaýatynyň polisiýa edarasynyň metbugat sekretary Farid Aýalyň aýtmagyna görä, bu partlamada ölen iki deputat welaýatyň Gizad etrabyndan saýlanan deputatlar.

Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG