Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde “Musulman doganlygy” prezidentlige dalaşgärini hödürledi


Ýakynda Müsüriň parlamentine geçirilen saýlawlarda orunlaryň aglaba köplügine eýe bolan yslamçy “Musulman doganlygy” partiýasy ýekşenbe güni geljekki prezidentlik saýlawlary üçin öz wekilini hödürledi.

Prezidentlige dalaşgär hödürlenen Kaýrat al-Şater “Musulman doganlygy” partiýasynyň lideriniň orunbasary hem-de Müsüriň iň bir tanymal biznesmenlerinden biri hasaplanylýar.

Maý aýynda birinji tapgyry geçirilmegi göz öňünde tutulýan prezidentlik saýlawlarynda Kaýrat al-Şater ýeňiş gazanan halatynda, munuň özi yslamçy “Musulman doganlygy” partiýasynyň Müsüriň syýasy dolandyryşyny doly ele aljakdygyny aňladýar.

Käbir synçylar al-Şateriň häkimiýet başyna gelmegi bilen, Müsüriň Ysraýyl we Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG