Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň deputatlary birnäçe täze kanuny proýekte garadylar


Şenbe güni Türkmenistanyň parlamentiniň nobatdaky maslahatynda ençeme täze kanunyň proýektlerine garaldy.

Garalan möhüm kanuny proýektleriň hatarynda “Halk maslahatlarynyň we geňeşlerin agzalaryny saýlamak” baradaky, “Statistika” baradaky, “Döwlet pensiýa strahowaniýasy” baradaky, “Ýol hereketleriniň howpsuzlygy” baradaky we “Migrasiýa” baradaky kanunlaryň proýektleri-de boldy.

Mundan daşary, şenbe günki maslahatda parlamentiň deputatlary birnäçe kanuna üýtgetmeleri girizmek barada-da karar kabul etdiler. Ýöne kanunlara girizilen bu üýtgetmeleriň anyk nämelerden ybaratdygy barada takyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG