Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"Garri Pottere" derek "Çeburaşka"


"Çeburaşka" multfilminden

"Çeburaşka" multfilminden

Orsýetiň resmileri ene-atalary çagalara Günbataryň häzirki zaman däl-de, eýse sowet döwrüniň multfilmlerini görkezmäge çagyrdylar.

Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew 29-njy martda bu mesele bilen bagly eden çykyşynda sowet döwrüniň multfilmleriniň çagalara ahlak terbiýesini berip, olaryň has adamkärçilikli bolup ýetişmegine ýardam edýändigini belledi.

Orsýetiň Dumasynyň ýokarky palatasynda çagalaryň meselesine bagyşlanan diňlenişikde eden çykyşynda Raşid Nurgaliýew: “Biz özboluşly ýurtdurys, biziň halkymyz has göwnaçyk, mähirli halk, bizde beýleki ýurtlarda bolmadyk gymmatlyklar bar” diýdi.

Şol bir wagtda-da ol haýsy gymmatlyklar barada gürrüň edýändigini aýtmady.

Nuragaliýewiň bu teklibini Orsýetdäki çagalaryň hak-hukugy bilen meşgullanýan ombudsman Pawel Astahow hem goldap çykyş etdi. Ol: “Garri Pottere näçe hormat goýulýan hem bolsa, biziň öz eserlerimiz bar. Biziň ertekilerimiziň gahrymany Iwan Sarewiçdir” diýdi.



Sowet döwrüniň multfilmleriniň hili ýokary bolsa-da, olar bütin dünýäde miltiplikasiýanyň janköýerlerine täsir etmegini dowam etdirse-de, rus resmileriniň günbatar miltfilmleriniň garşysyna boýkot yglan etmek baradaky bu çagyryşy orsýetlileriň köpüsini aňk-taňk etdi.

“LiveJournal” internet portalynda ulanyjylarynyň biri: “Eý Hudaý, olar biziň çagalarymyzy Tom hem Jerriden mahrum etjek bolýarlar” diýip ýazdy.
XS
SM
MD
LG