Sepleriň elýeterliligi

Amerikan ilçisi ogryn diňlenýänliginden şikaýat edýär


ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýkl MakFol

ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýkl MakFol

ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýkl MakFol öz iş gününiň tertibi barada takyk maglumatlaryň NTW telekanalynyň žurnalistlerine öňünden belli bolmagyna gaty geň galýandygyny aýdýar. Bu barada 29-njy martda Maýkl MakFol özüniň “Twitter” sosial ulgamynda ýazan blogunda gürrüň berdi.

Öz blogunda Maýkl Makfol: “Men niräk barsam-da, NTW eýýäm şol ýerde garaşyp dur. Meniň iş günümiň tertibini olara kim berýärkä? Bu hili zatlara kanun nähili çemeleşýärkä?” diýip gyzyklanýar.

Ol: “Men metbugat wekilleriniň islendik ýere baryp, islendik soragy bermek hukuklaryna hormat goýýaryn. Emma olaryň meniň şahsy e-mail hatlarymy okamaga hem telefon gürrüňlerimi diňlemäge haklary barmyka?” diýen soragy orta atýar.

Diplomatyň bellemegine görä, NTW telekanalynyň wideoýazgy düşürýän topary hem olaryň ýanyndaky aktiwistler amerikan ilçisiniň baran ýerinde düýdansyz peýda bolup, wideo düşürip başlaýarlar.

“Adam hukuklary üçin” atly hereketiň lideri Lew Ponomarýow 29-njy martda amerikan ilçisi bilen duşuşmagy planlaşdyran mahaly, özleriniň edarasynyň ýanyna bir topar adamyň gelip, özlerini žurnalist diýip tanyşdyrandygyny tassyklady. Ponomarýow: “Olar 20 minudyň dowamynda ilçä dürli sowallary berdiler” diýip gürrüň berýär.

Ponomarýowyň aýtmagyna görä, ilçi maşynyna paltosyny geýmäge barjak bolanda, ony gurşap alan adamlar goýbermändirler. Soňra ilçi özüniň barjak ýerini nireden bilenliklerini soranda, özlerini žurnalistler diýip tanyşdyran adamlar bu soraga jogap bermändirler.

Soňra, diplomat MakFol nano tehnologiýalary boýunça “Rosnano” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Anatoliý Çubaýs bilen duşuşansoň, NTW telekanalynyň bir topar işgäriniň özüne garaşyp durandygyny, olaryň hem “Bu duşuşyk barada nireden bildiňiz?” diýen sowalyna jogap bermändiklerini belledi.

“Adam hukuklary üçin” atly hereketiň lideri Lew Ponomarýow “Bu adamlara maglumatlar gaty çalt ýetirilýär. Bu duşuşyk barada hiç ýerde maglumat çap edilmändi” diýýär.

Özüniň amerikan ilçisi bilen bolan duşuşygy barada telefonda gürleşendigini belläp, aktiwist öz telefonynyň ýörite gulluklar tarapyndan diňlenýändigini güman edýär: “Men öz telefonymyň diňlenýändigini 100% bilýärin”.

NTW telekanaly Maýkl MakFolyň Lew Ponomarýow bilen duşuşygy baradaky käbir wideoýazgylary öz ineternet saýtynda köpçülige ýetirdi. Onda NTW telekanalynyň žurnalistiniň “Ponomarýow bilen näme barada gürrüň etmegi göz öňünde tutýarsyňyz?” diýen sowalyna diplomat “Biz ýöne duşuşýarys hem dürli meselelere garaýas” diýip jogap berdi. Soňra MakFol: “Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi arkaýynlykda öz işini edip bilýär, ony hiç kim ynjalykdan gaçyrmaýar, siz bolsa men niräk barsam, şol ýerde. Siz bu zatlary etmekden çekinmeýärsiňizmi?” diýip, NTW-niň wekillerine ýüzlenipdir.

NTW-niň habarçysynyň: “Siz oppozisiýadan ýene kimleri goldaýarsyňyz?” diýen sowalyna ilçi: “Men iki gün mundan ozal siziň prezidentiňiz bilen duşuşdym. Men ony hem goldaýaryn. Bu logika gabat gelýärmi? Men biri bilen duşuşsam, şony goldadygym bolýarmy?” diýip, sorag beripdir.

NTW telekanalynyň metbugat bölümi “Interfaks” habar gullugyna beren maglumatynda ABŞ-nyň diplomatynyň işiniň gün tertibi baradaky maglumatlaryň özlerine “informatorlar” arkaly ýetirilýändigini aýdypdyr. Ol bu meselede öz garaýşyny: “Käbir halatlarda biz hiç bir maksatlary yzarlaman, wideoýazgylary diňe arhiw üçin düşürýäris” diýip, mälim edipdir.

Mart aýynyň ortalarynda NTW telekanaly “Protestiň anatomiýasy” atly filmi tomaşaçylara görkezdi. Onda Orsýetde “Adalatly saýlawlar üçin” atly giň gerimli protestlere gatnaşan adamlara pul berlendigi aýdyldy. Bu film graždan aktiwistleriniň hem oppozisiýanyň wekilleriniň arasynda nägilelik döretdi.

“Demokratik ugur” we “Raýdaşlyk” hereketleriniň agzalary öz at-abraýlarynyň goralmagyny sorap NTW telekanalynyň garşysyna suda arza bilen ýüzlendi.

Diplomat Maýkl Makfol şu ýylyň 14-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi wezipesine bellenildi. Moskwa geleninden şoň ilçi “Adalatly saýlawlar üçin” atly protest aksiýalarynyň gurnaýjylary bilen duşuşdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG