Sepleriň elýeterliligi

Ýangyçsyz ýol: kime görgi, kime gazanç


Aşgabat-Daşoguz ýoly

Aşgabat-Daşoguz ýoly

Aşgabat-Daşoguz ýoly garaşsyzlyk döwründe gurlan uly ýollardan biri bolup, onuň uly bir bölegi Garagumyň çägeli regionlaryndan geçýär. Hil taýdan aýdylanda, bu beýleki ýollardan erbedem däl, emma bu ýoluň bir aýratynlygy bar.

Bu uzyn ýolda benzin satylýan nokatlar gaty az, şeýle stansiýalar agzalýan ýoluň ugrunda ýerleşýän Ýerbent obasy bilen Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etraplarynyň aralygynda asla ýok. Bu iki obanyň aralygy bolsa 200 kilometr töweregi bolup, bu ýagdaý ýollagçylar üçin goşmaça kynçylyk döredýär.

Bu ýoldan yzygiderli gatnaýan sürüjileriň aýtmagyna görä, olar köp halatlarda öz ýanlary bilen kanistrlerde benzin alyp gitmeli bolýarlar. Emma kanistre guýlan benzini ýanyň bilen alyp gitmek hem bikanun diýlip hasaplanýar.

Ýoluň ugrunda benzin guýulýan stansiýalaryň ýoklugyndan zeýrenýän sürüjileriň biri hem 36 ýaşly Mekan. Ol gaz edarasynyň çöllükde ýerleşýän bölüminde işleýär. Mekan ýol ugrundaky benzin gytçylygy sebäpli ýanynda mydama ýangyç götermeli bolýanlygyny aýdýar.

“Kanistraly benzin alnyp gidilýändigini polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri hem bilýärler. Şonuň üçin, olar awtoulaglary ýörite barlaýarlar” diýip, Mekan aýdýar. “Elbetde, polisler ýolda saklanda benzini dökdürmezlik üçin olar bilen “özara ylalaşmaly” bolýar”.

Ýerbent obasyna golaý ýerleşýän Bokurdak obasyndaky ýangyç stansiýasy

Ýerbent obasyna golaý ýerleşýän Bokurdak obasyndaky ýangyç stansiýasy


Mekanyň aýtmagyna görä, “Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşýän Ýerbent bilen Ruhubelent etraplarynyň arasynda benzin guýulýan stansiýalaryň bolmazlygy käbir adamlar üçin özboluşly gazanç çeşmesine öwrülipdir.

“Benzini ýoluň ugrunda ýerleşýän ilatly punkutlardan tapmak mümkin, bu iş bilen esasanam spekulýantlar gyzyklanýarlar” diýip, Mekan aýdýar.

Gara bazarda satylýan benziniň resmi taýdan kesgitlenen bahadan ençeme esse ýokarydygyny belläp, Mekan spekulýatiw bahadan satylýan benziniň bahasynyň iki esse gymmat bolýandygyny aýtdy.

“Mysal üçin, 95-lik benziniň 1 litriniň bahasy hökümede degişli benzin guýulýan stansiýalarda 62 teňňe bolsa, “hususy” benzin guýulýan stansiýalarda 1 manat 42 teňňä durýar” diýip, Mekan aýdýar. “Özi-de köplenç halatda 95-lik benzin 80-lik bilen garylyp satylýar. Onuň hili erbet”.

Ruhubelent obasynda ýerleşýän ýangyç stansiýasynyň golaýynda

Ruhubelent obasynda ýerleşýän ýangyç stansiýasynyň golaýynda


Benziniň gytçylygy sebäpli emele gelen hususy benzin söwdasyna, “gara bazar söwdasy” hem diýilýär. Bu hili söwda diňe agzalýan ýoluň ugrunda däl, töwerekde ýerleşýän etraplarda hem duş gelmek mümkin. Onuň söwdasy gara bazarda amala aşyrylýanlygy üçin, bahasy etrapdan-etraba tapawut edýär.

Şeýle söwda Garagumyň ortasynda ýerleşýän Aeroport obasynda hem amala aşyrylýar. Özüni Geldimyrat diýip tanadan aeroportlynyň aýtmagyna görä, obada 1 litr benzini 1 manatdan hem tapyp bolýar.

“Aeroport obasyna baryp kanistarsyny 20 manatdan alyp, özüm guýup alyp gaýdýan. Litri 1 manat bolýar. Gaýrat et, 95-lik ber diýip, alyp gaýdýan” diýip, Geldimyrat aýdýar.

Çopançylyk bilen meşgullanýan Geldimyrat, gara bazarda satylýan benziniň hilindenem razy däl. Ol: “Derwezeden çastnyý benzin guýjak bol özbeklerden, Aşgabada barýançaň maşynyň tüsseläp barýar” diýip, gürrüň berdi.

Garagumda ýerleşýän käbir obalarda ýangyç diňe awtoulaglar üçin däl, eýsem elektrik generatorlaryny işletmek üçin hem ulanylýar. Çünki şol obalaryň köpüsinde elektrik togy ýok.

Netijede, aeroportly Durdy aganyň aýtmagyna görä, çölde suw bilen bir hatarda örän wajyp serişdeleriň biri bolan benzin hem dowamly gytçylyk edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG