Sepleriň elýeterliligi

Annan Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa barada çykyş eder


BMG-niň hem “Arap Ligasynyň” ýörite wekili Kofi Annan

BMG-niň hem “Arap Ligasynyň” ýörite wekili Kofi Annan


BMG-niň hem “Arap Ligasynyň” ýörite wekili Kofi Annan duşenbe güni Siriýadaky ýagdaýlar bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edýär. Ol Siriýadaky ýagdaýy kadalaşdyrmak maksady bilen teklip eden planyny amala aşyrmak üçin görülýän çäreler barada gürrüň eder.

“Siriýanyň dostlary” ady bilen 1-nji aprelde Stambulda geçirilen ýörite konferensiýada Kofi Annan prezident Assady öz wadalaryny ýerine ýetirer ýaly etmek üçin, ädilmeli ädimleriň anyk möhletini kesgitlemäge çagyryldy.

Bu konferensiýada eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmelidigini aýtdy.

“Biz Siriýada adam öldürmekligi bes etmäge çagyrýarys” diýip, Klinton aýtdy. “Biz ýörite wekilimiz Kofi Annany, eglenmezden, geljekki ädilmeli ädimleriň wagtyny kesgitlemeklige çagyrýarys. Assad gitmeli. Siriýanyň halky erkinlikde özüniň ýörejek ýoluny saýlamaly”.

Klinton, daşky dünýä bilen baglanyşyk saklap biler ýaly, Siriýanyň oppozisiýasyny kommunikasion enjamlar bilen üpjün etmegi wada berdi.

Stambulda Siriýanyň meselelerine bagyşlanan bu konferensiýa gatnaşan 80 ýurduň wekilleri “Siriýanyň milli geňeşini” ähli siriýalylaryň kanuny wekilçilikli guramasy hökmünde ykrar etdiler.

Analitikleriň aýtmaklaryna görä, Arap Emirlikleri ýaly käbir arap ýurtlary Siriýanyň oppozisiýasyny ýaraglandyrmaga çagyrdylar. Şol bir wagtda-da bu barada resmi ylalaşygyň ýokdugy habar berilýär.

Şeýle hem Stambulda geçirilen konferensiýada “Siriýanyň milli geňeşi” Siriýanyň oppozision güýçleriniň düzüminde söweş alyp barýan esgerleriň we ofiserleriň hemmesine yzygiderli aýlyk haklaryny tölejekdigini mälim etdi.

Siriýada çaknyşyklar dowam edýär.

Siriýada çaknyşyklar dowam edýär.


31-nji martda Siriýadaky “Azat siriýa armiýasy” atly oppozision güýçler Siriýanyň hökümeti agyr harby tehnikasyny şäherlerden çykarsa, özleriniň ok atyşygy bes etjekdigini habar berdi. Emma resmi Damask protestleriň dowam edýän şäherlerde kadaly ýagdaý ornaşýança, tanklaryň hem harby goşunyň şäherlerden çykarylmajagyny aýtdy.

Damask 31-nji martda pitneçileriň ýeňlendigini hem yglan etdi.

Käbir synçylaryň pikirine görä, Annanyň duşenbe güni etjek çykyşynda Siriýadaky meseläni çözmekde öňegidişlik barada gürrüň edilse, onda Siriýadaky ok atyşygyň bes edilmegine syn etmek üçin BMG-niň 250 synçysyny Siriýa ibermek baradaky rezolýusiýanyň üstünde işläp başlasa bolar.

Eger-de Annanyň hasabatynda öňegidişligiň göze ilmeýändigi bellenilse, analitikleriň pikiriçe, onda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýanyň režimine garşy rezolýusiýanyň kabul edilmegi ugrunda işläp başlansa gerek.

Şol bir wagtda-da Siriýada gandöküşiklik dowam edýär. Ýerli aktiwistleriň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprelde ýurt boýunça 70-e golaý adam heläk bolupdyr. Olardan 12-si Homs şäheriniň asuda ýaşaýjylary.

Gozgalaňçylar bilen siriýa hökümetiniň harbylarynyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 19 esgeriň we 12 oppozision söweşijiniň heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG