Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirde bolan uçar heläkçiliginde 12 adamyň diri galandygy aýdylýar


Orsýetiň resmileriniň maglumatyna görä, günbatar Sibirde bolan uçar heläkçiliginde 12 adam ölümden halas bolupdyr.

Duşenbe güni heläkçilige uçran bu uçarda 43 adam bolup, olaryň 31-siniň ölendigi aýdylýar.

Surgut şäherine barýan ATR-72 kysymly uçar Týumen şäherindäki aeroportdan howa galanyndan birnäçe minut soň ýere gaçyp, ot aldy.

Hususy “Utair” kompaniýasyna degişli bu uçaryň Roşçino aeroportundan 1,5 kilometr uzaklykda “mejbury ýagdaýda gonmaly” bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG