Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň serhet ýakasyndaky hüjümde onlarça adam öldi


Pakistanyň harbylarynyň aýtmaklaryna görä, Owganystanyň serhedine golaý Pakistanyň demirgazyk günbatarynda howpsuzlyk postuna garşy “Talybandyr” öýdülýän onlarça söweşiji tarapyndan amala aşyrylan hüjümde azyndan dört esger ölüpdir.

Harbylaşdyrylan Frontlar Korpusynyň sözçüsiniň aýtmagyna görä, bu hüjüm Mohmand taýpa regionynda öten agşam ýüz beripdir.

Resmileriň maglumatyna laýyklykda, esgerler hüjümçilere garşy artilleriýa ýaragyndan garşylyk görkezip, 15-e golaý söweşijini öldüripdirler.

Hüjümçileriň Pakistanyň territoriýasyna Owganystandan geçendikleri aýdylýar.

Mohmand Pakistanyň ýedi sany ýarym-awtonom taýpa regionynyň biri bolup, “Talyban” we “Al-Kaýda” söweşijileriniň jemlenen ýeri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG