Sepleriň elýeterliligi

Bin Ladeniň aýallaryna garşy höküm çykaryldy


Pakistanyň sudy terrorçy “Al-Kaýda” toparynyň lideri Osama bin Ladeniň maşgala agzalaryny 45 gün türme tussaglygyna höküm etmek we olara 10 müň rupi (110 amerikan dollary) möçberinde jerime salmak barada jeza çaresini kesgitledi.

Duşenbe güni bolan sud diňlenişiginde Osama bin Ladeniň dul galan üç aýaly we iki gyzy Pakistana bikanun gelip ýaşanlykda aýyplanyp, olara garşy höküm çykaryldy. Dul aýallaryň ikisiniň Saud Arabystanyndan we biriniň Ýemendendigi aýdylýar.

Sud aýallary öz ýurtlaryna yzyna ibermek barada hökümete görkezme berdi.

Sudýa Şahruh Arjumandyň aýtmagyna görä, aýallar eýýäm bir aý bäri tussaglykda saklanypdyrlar we olar iki hepdeden soň boşadylyp, yzlaryna ugradylar.

Bin Ladeniň maşgala agzalary maý aýynda ABŞ-nyň komandowaniýesi tarapyndan gurnalan reýdde Bin Laden öldürilenden soň Pakistanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi.
XS
SM
MD
LG