Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýanyň edebi ogurlykda aýyplanan prezidenti wezipesinden gidýär


Wengriýanyň prezidenti Pal Şmitt edebi ogurlyk bilen bagly dawadan soň wezipesinden çekildi.

Geçen hepde Wengriýanyň uniwersiteti prezident Şmittiň 1992-nji ýylda ýazan doktorlyk ylmy dissertasiýasynyň uly böleginiň başga bir alymyň ylmy işinden göçürilendigini aýdyp, ony doktorlyk ylmy derejesinden mahrum edýändigini yglan etdi.

Pal Şmittiň özi muny ret etdi, ýöne ýurduň oppozisiýasy onuň bu wezipäni eýelemäge mynasyp däldigini aýdyp, wezipesinden çekilmegini talap etdi.

Pal Şmitt parlamentde eden çykyşynda “özüniň şahsy meselesiniň” ýurdy ikä bölýändigi sebäpli wezipesinden çekilýändigini aýtdy.

69 ýaşly Şmitt 2010-njy ýylyň iýun aýynda döwlet baştutany edilip saýlanypdy. Ol premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýarany bolmak bilen, Wengriýanyň demokratiýasyny çökerýär diýlip güman edilýän birnäçe kanunlary kabul edenlikde tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG