Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň tussaglykdaky ozalky premýeri daşynda bejergi alar


Ukrainanyň Baş prokuraturasy tussaglykdaky ozalky premýer-ministr Ýulia Timoşenkonyň türmäniň daşynda, adaty keselhanada bejeriş almagyna rugsat berdi.

Geçen aý Germaniýanyň we Kanadanyň lukmanlary Timoşenkony Harkowyň golaýynda ýerleşýän Kaçaniw zähmet koloniýasynda medisina barlagyndan geçirdiler we onuň gyssagly ýagdaýda ýörite bejergi almalydygyny aýtdylar.

Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Özüni syýasy yzarlanmalaryň pidasy hasaplaýan Timoşenko türmedäki lukmanlaryň özüne zerur medisina kömegini bermändiklerini aýdýar.

Mart aýynda Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy Timoşenkonyň “zerur bolan medisina bejergisini degişli klinikada almagy” üçin Ukrainanyň hökümetine çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG