Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewro zolagynda işsizligiň görkezijisi rekord derejä ýetdi


1999-njy ýylda ýewro pul birligi girizileni bäri ýewrony ulanýan 17 ýurtda iş gözleýänleriň sany rekord derejä ýetdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Ýewrostat statistiki edarasy ýewro zolagynda fewral aýynda işsizligiň derejesiniň 11 prosente golaýlandygyny we işsizleriň sanynyň 17 milliondan geçendigini mälim etdi.

Ýewro zolagynyň ýedi ýurdunda işsizligiň derejesi 10 prosentden pes bolan bolsa, Ispaniýada ol 24 prosente barabar bolupdyr.

Işsizligiň iň pes derejesi Awstriýada bolup, onuň 4,2 prosentdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG