Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeligini belleýär


Türkmenistanda resmi taýdan “Saglyk we bagtyýarlyk” hepdeligi başlandy. Bu hepdelik prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Bagtyýarlyk döwri” diýlip yglan edilen syýasatyň çäginde geçirilýär.

Häkimiýetler Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen fewral aýynda prezidentlik wezipesiniň ikinji möhletine sesleriň 97 prosent töweregini gazanyp saýlanandygyny aýdýarlar.

“Saglyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň çäginde “Bagtyýarlygyň ruhlandyryjy döwri” we “Bagtyýarlykdan ylham alan döwrüň kuwwaty” ady bilen sahnalaşdyrylan spektakllar geçirilýär.

Berdimuhamedow döwlet işgärleriniň öz saglyklaryny gowulandyrmak üçin bedenterbiýe bilen has köp meşgul bolmalydyklaryny aýdyp, bu barada görkezme berdi.

Bu hepdelik adat boýunça Aşgabadyň etegindäki 8 kilometrlik “Saglyk ýoluna” ýüzlerçe adamyň ýörişi bilen tamamlanar.
XS
SM
MD
LG