Sepleriň elýeterliligi

Halkyň namalary — ýürek nalalary


Aşgabadyň bazarynda, 2010-njy ýyl.

Aşgabadyň bazarynda, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanda raýatlaryň arza-şikaýatlaryna seretmek barasyndaky resmi gürrüňler öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe başlanyp, birnäçe kanundyr karar kabul edilipdi. Bu işde netijeli usul hökmünde prezidentiň poçtasy döredilipdi.

Şol döwür Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde, häkimlikleriň jaýynda, prezidentiň kabulhanasynyň zalynda, Ministrler Kabinetiniň kabulhanasynda ýörite halkdan gelýän haty atmak üçin äpet poçta ýaşşikleriniň goýlanlygyna garamazdan, halk bilen häkimiýetiň arasynda arza-şikaýat meselesinde bar bolan diwar ýykylmady.

Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň şu ugurdan nähili ädimler ädildi? Şol ädimler raýatlara üçin ýeňillik döretdimi? "Döwlet — adam üçindir!" diýen şygary baýdak edinýän Türkmenistanda adam ykbalyna nähili seredilýär? “Tegelek stol” gepleşiginiň bu gezekki sanynda şular barada gürrüň edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG