Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk” hepdeligi başlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan köpler üçin özboluşly bir sowgat, esasan hem dünýäniň gülkünç diktatorlary barada makala ýazýanlar üçin...

Ýer togalagyndaky iň ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýan Türkmenistan özünde bolup geçýän geň-taň wakalar bilen hem giňden tanalýar. Belki-de, bu ugurda onuň bilen diňe Demirgazyk Koreýa bäsleşip biler.

Ýaňy ýakynda talantly aýdymçy, sazanda, şahyr, ýazyjy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna döredilen ilkinji ak heýkel barada, onuň ak reňklere bolan päk söýgüsi barada, şeýle hem onuň öz şahsyýet kultyny döretmek üçin edýän tagallalary barada habar beripdik.

Indi bolsa Türkmenistandan şeýle habar gelip gowuşdy – dünýäde adam hukuklaryny iň erbet bozýan ýurtlaryň birinde “Saglyk we bagtyýarlyk” hepdeligi başlandy. Onuň çäginde “Bagtyýarlygyň ruhlandyryjy döwri” we “Bagtyýarlykdan ylham alan döwrüň kuwwaty” ady bilen sahnalaşdyrylan spektakllar geçirilýär.

Berdimuhamedow býujet işgärleriniň bedenterbiýe bilen has köp meşgul bolmalydyklary barada hem görkezme berdi. Bu hepdelik adat boýunça Aşgabadyň etegindäki 8 kilometrlik “Saglyk ýoluna” ýüzlerçe adamyň ýörişi bilen tamamlanar.

“Associated Press” habar agentliginiň habarçysy Aleksandr Werşinin şeýle ýazýar:

Türkmenistanyň awtoritar prezidenti muny baýramçylyklaryň hepdeligi diýip atlandyrýar, ýöne bu hepdelik käbir adamlar üçin ýönekeýje bedenterbiýe maşklaryndan ybarat bolup biler...

Bu hepdelik Türkmenistanda fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Berdimuhamedow sesleriň 97%-ni alyp täzeden saýlanandan soň yglan edilen “Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwri” atly ideologiýanyň bir bölegi bolup durýar.

Bagtly bol! Bu saňa buýruk!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG