Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zakaýewiň öldüriljek bolandygy aýdylýar


Londonda bosgunlykda ýaşaýan çeçen separatisti Ahmad Zakaýew
Londonda bosgunlykda ýaşaýan çeçen separatisti Ahmad Zakaýew
Britaniýanyň howpsuzlyk gulluklary Londonda bosgunlykda ýaşaýan çeçen separatisti Ahmad Zakaýewiň janyna kast etmek synanyşygynyň üstüniň açylandygyny habar berdi.

Britaniýanyň “Sunday Telegraph” gazetiniň berýän maglumatyna görä, Britaniýanyň MI5 aňtaw gullugy bu işde Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň dahylynyň bardygyny çaklaýar.

Ahmad Zakaýew janyna kast edilmäge synanyşylandygy baradaky bu habaryň özüni geň galdyrmandygyny aýdýar.

Çeçen separatisleriniň lideri Ahmad Zakaýew öň özüne garşy şeýle taýýarlyk görülýändigi barada MI5 howpsuzlyk gullygy tarapyndan birnäçe gezek duýdurylandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Olar maňa abanýan howp barada yzygiderli maglumat ýetirýärler, näme etmelidigi barada maslahat berýarler” diýip, Zakaýew aýtdy. “Şeýle ýagdaý soňky 7-8 ýyl bäri dowam edip gelýär. Şonuň üçin, bu ýerde meniň üçin täzelik ýok. Bu ýagdaý Orsýeti häzirki kriminal režim dolandyrýan wagty dowam eder”.

Britaniýanyň “Sunday Telegraph” gazetiniň beren maglumatyna görä, Ramzan Kadyrow Britaniýada ýaşaýan E1 diýip atlandyrylan bir adama Zakaýewi ýok etmegi tabşyrypdyr.

“Sunday Telegraph” gazetiniň maglumatyna görä, britan polisiýasynyň ýokary derejeli wekilleri E1 diýlen, Zakaýewe garşy hüjümi planlaşdyranlykda aýyplanýan adamy ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salýan adam hökmünde 2010-njy ýylda Britaniýadan çykarmaga synanyşypdyr, emma britan sudýalary oňa häzirlikçe Britaniýada ýaşamaga rugsat edipdir.

Zakaýewiň janyna kast etmäge synanyşanlykda şübhe bildirilýän adam barada käbir maglumatlar hem berilýär. Onuň 45 ýaşynyň içindedigi, 6 çagasynyň bardygy aýdylýar. Güman edilýän adamyň 2003-nji ýylda Çeçenistandaky uruşdan gaçyp, maşgalasy bilen Britaniýadan syýasy baş pena sorandygy habar berilýär.

Zakaýewiň özi Azatlyk Radiosynyň rus gullugy bilen söhbetdeşlikde E1 diýilýäniň kimdigi hakda özüniň şübhelenýän adamynyň bardygyny aýtdy.

Kadyrowyň edarasy ret etdi

Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň metbugat sekretary Alwi Karimow bolsa “Sunday Telegraph” gazetinde çap edilen maglumaty ret etdi.

“Zakaýewiň janyna kast etmäge synanyşygyň aňyrsynda Orsýetiň durandygy baradaky maglumatlar ýalan” diýip, Karimow aýtdy. “Orsýetde Zakaýewiň şahsyýeti bilen hiç kim gyzyklanmaýar. Zakaýew syýasatçy däl, şonuň üçin ol separatistleriň lideri bolup bilmez”.

Zakaýew öz janyna kast etmek synanyşygyna Kadyrowyň dahylynyň ýokdugyny çaklaýar.

“Bizi ýok etmek oňa bähbitli däl. Sebäbi biz ýaly çeçen halkynyň hak-hukugy ugrunda göreş alyp barýan adamlar barka, çeçen halkynyň özbaşdaklygy barada alada edýänler barka, Kadyrow dagy Kremle gerek” diýip, Zakaýew aýdýar. “Sebäbi Kadyrow halkyň islegine garşy çykýar. Ýagny biz barkak, ol hem Kremle zerur. Kadyrowyň özi hem bu zatlara gaty gowy düşünýär”.

Orsýetiň häkimiýetleri uzak wagtyň dowamynda Zakaýewi ekstradisiýa etdirtmek ugrunda tagalla baryny etdiler. Emma Britaniýa Zakaýewiň gynamalara sezewar bolmagynyň mümkindiginden howatyrlanyp, ony Orsýete ekstradisiýa etmekden boýun gaçyrdy.

2001-nji ýylda terrorçylykda hem adam öldürmekde aýyplanan Zakaýewe halkara derejesinde gözleg yglan edilipdi.

“Sunday Telegraph” gazetinde çap edilen maglumatda Zakaýewi ýok etmäge synanyşanlykda güman edilýän E1-iň Kadyrowyň öňki janpenasy Umar Israilowyň öldürilmegine dahylynyň bardygy-da çaklanýar.

Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň berk tankytçylarynyň biri Umar Israilow Kadyrowy adam gynamakda aýyplap, Strasburgdaky adam hukuklary boýunça halkara suduna arza beripdi. Ol 2009-njy ýylda Wenada, özüni ele salmaga çalyşan dört adamdan gaçmaga synanyşanda, atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG