Sepleriň elýeterliligi

Lebaply aýal: 'Ýatan nähoşda şpris nireden bolsun?!'


Nargül Saparowa: "Näçe gezek çagyranam bolsam, öz därim, öz şprisim bilen sanjym etdirip ýören adam. Maşgala lukmanyndan men däri alyp göremok".

Nargül Saparowa: "Näçe gezek çagyranam bolsam, öz därim, öz şprisim bilen sanjym etdirip ýören adam. Maşgala lukmanyndan men däri alyp göremok".

Hepdäniň duşenbe gününden bäri Türkmenistanda “Saglyk we bagtlyýarlyk” hepdesi dowam edýär. Bedenterbiýe we sport maşklary tutuş ýurt boýunça ähli okuw jaýlarynda, edara-kärhanalarda geçirilýär.

Şol çäreler ýönekeý halkyň saglygyna täsir ýetirýärmi? Medisina hyzmatynyň ýurtda gymmatlamagy bilen garry pensioner özüni sagdyn, bagtly duýýarmy? Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy, 67 ýaşly pensioner Nargül Saparowa “Sanatorilerde, dynç alyş öýlerinde saglygyny dikeltmäze hemme adamyň güýji ýetýärmi?” diýen soraga şeýle jogap berdi:

–Ýetýänem bar, ýetmeýänem bar. Işleýäniňki ýetýär, işlemeýänler, öz gününi zordan görýänler gelip bilmeýär. Gurluşyk bilen, tikin bilen gün görýän aýallarda saglygyny dikeltmäge, saglygyny goramaga ýagdaý ýok.

Saglyk üçin nirä barsaň, keselhana pul bermeli, tölegi kän. Şoňa barman, saglygyny ýitirip ýörenler kän pulunyň ýoklugy üçin. Onusyna girseňem pul, munusyna girseňem pul. Prezidentimiz bizi goldap, saglygymyzy oýlap, halk üçin alada edip, hassahanalaryny mugt edäýse, örän hoş bolardyk, mugt edäýse.

Azatlyk Radiosy: Däri-dermanyň bahasy elýeterlimi hemmeler üçin?

–Häzirki wagtda öňkä garanda däri-derman gymmat. Güýji ýetýänem bar, güýji ýetmeýänem bar. Ýetmeýänleri ot bilen özüni bejerjek bolýarlar. Ýetýänem, işläp ýörenem nätsin, saglyk gerek. Biz pensionerler gymmat bolsa-da alýarys. Däri-derman gymmat. Öňkä garanda häzirki däri-dermanlarymyz gymmat. Hemme däri elde. Dermanhanada öz bahasyndan satylyp duran ýeri ýok bizde. Bar bolanda-da şolar üstüne goýup satýarlar. Iki dermanhananyň nyrhyny deňeşdirip görseň, ikisiniňki iki dürli bolup çykyp otyr. Ony meniň özümem aýdyp bilýärin. Gumanitar därilerden ýekeje tabletka alyp bilemzok. Özümiz hasapda durus, alyp bilemzok, näme edýänlerini bilemzok.

Azatlyk Radiosy: Maşgala lukmany, eger zerur bolup, tiz kömek çagyrsaňyz, olaryň edýän hyzmaty nähili hem mugtmy?

–Näsaglap, tiz kömek çagyrsak, syrkawyň özüne sereder-seretmez “Däriň barmy, şprisiň barmy?” diýip soraýarlar. Ýatan nähoşda şpris nireden bolsun, däri nireden bolsun?! Çagyrylan kömegiň özünden däri-ukol edip gidenini göremok, näçe gezek çagyranam bolsam, öz därim, öz şprisim bilen sanjym etdirip ýören adam. Maşgala lukmanyndan men däri alyp göremok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG