Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ýadrosy boýunça gepleşikleriň wagty belli däl


Birleşen Ştatlar Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça geçirilmeli gepleşikleriň anyk wagty we ýeri barada Tährandan soňky tassyklaýjy maglumatlaryň ýokdugyny aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland geçirilmeli gepleşikler barada Eýrandan dürli-dürli maglumatlaryň gelýändigini belläp geçdi.

Geçen şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillary Klinton Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň apreliň 13-14 aralygynda geçiriljekdigini yglan edipdi.

Bu gepleşiklere Eýran bilen birlikde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy we Germaniýa gatnaşar.

Duşenbe güni Orsýet gepleşikleriň wagtynyň entek doly tassyklanmandygyny, şeýle-de onuň 14-nji aprelden soň hem geçirilip bilinjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG