Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda iýmit ýetmezçiliginden her ýyl 7,500 çaga ölýär


Täjigistanda iýmit ýetmezçiligi sebäpli, bäş ýaşyna çenli çagalaryň her ýylda 7,500-si heläk bolýar. Bu barada Bütindünýä Bankynyň we BMG-niň Çagalar fondunyň (ÝUNISEF) bilelikde ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda bellenişi ýaly, Täjigistanda her üç çaganyň biri öz ýaşyna görä pes derejede ösüpdir. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de talabalaýyk iýmitlenmezlik diýlip, hasabatda aýdylýar.

Bu aralykda, 30-njy martda täjik prezidenti Emomali Rahmon çykyş edip, täjik halkynyň sagdyn iýmitlenmezlik häsiýetini tankytlady. Onuň sözlerine görä, bu adamyň agramynyň aşa artmagyna we beýleki näsazlyklara eltýär.

Rahmon “agyr naharlary” azyrak iýmäge we köpräk fiziki maşklary etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG