Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Annan Assad goşunlary şäherlerden çykarmaga ylalaşdy diýýär


Siriýa boýunça halkara wekil Kofi Annanyň aýtmagyna görä, prezident Başar al-Assad goşunlary ýurduň şäherlerinden 10-njy aprele çenli çykarmaga ylalaşypdyr.

Annan bu barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Siriýa öz beren wadalary bilen däl-de, eýsem olary neneňsi ýerine ýetirişi bilen baha beriljegini aýtdy.

Raýs Damaskyň mundan öňki beren sözlerinde durmandygyny hem nygtap geçdi.
XS
SM
MD
LG