Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň söwda merkezindäki ýangynda ölenleriň sany 17-ä ýetdi


Moskwadaky söwda merkeziniň ammarynda dörän ýangynda ölenleriň sany 17-ä ýetdi. Çaklamalara görä, olaryň aglabasy ozalky Sowet respublikalaryndan gelen migrant işçiler.

Moskwanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň resmileriniň aýtmagyna görä, ölen adamlaryň anyk haýsy döwletden gelendikleri anyklanylýar.

Polisiýanyň metbugat wekili Ýuliýa Anosowa Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Ähli zat ýanandygy üçin, biz ölenlere degişli hiç hili dokument tapmadyk. Biz häzir binanyň içinde kimleriň, näme sebäpden bolandygyny, şeýle-de olaryň ol ýerde bolmaga rugsadynyň bolup-bolmandygyny derňäris. Sebäbi bu ýer ammar, ol ýatyp-turmak üçin niýetlenmedik”.

Ýangyn duşenbe güni irden Kaçalowskiý söwda merkezinde döredi. Ýangynyň sebäpleri entek belli däl.
XS
SM
MD
LG