Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: ABŞ-nyň demokratik toparlary maliýeleşdirmegi “problema”


Orsýetiň resmileri ABŞ-nyň Orsýetde demokratiýany ýaýratmak boýunça iş alyp barýan guramalary maliýeleşdirmeginiň Moskwa bilen Waşingtonyň özara gatnaşyklarynda problema öwrülip barýandygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Orsýetiň aladalaryna amerikan hökümetiniň jogap berendigini “Interfaks” habar agentligine aýdy. Rýabkowyň bellemegine görä, ABŞ toparlary goldamak üçin “nämeleriň, haçan we haýsy görnüşde” edilendigi barada maglumat beripdir.

Wladimir Putin Waşingtony Orsýetde demokratik programmalary goldamak bahanasy bilen özüne garşy protestleri maliýeleşdirmekde ençeme gezek aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG