Sepleriň elýeterliligi

Ýemende söweşijidigi güman edilýän onlarça adam öldürildi


Ýemeniň günortasynda hökümet güýçleriniň amala aşyran howa hüjüminde “Al-Kaýda” söweşijisi diýlip güman edilen 40 töweregi adam öldi. Bu barada Ýemeniň resmileri habar berýärler.

Hökümet güýçleri üç günläp bomba hüjümlerini amala aşyrandan soň, söweşijiler Al-Rahna daglyk sebitlerinden yza çekilmäge mejbur boldular.

Berilýän maglumata görä, “Al-Kaýda” söweşijileri soňky ýyllaryň dowamynda ýurtdaky syýasy bulaşyklykdan peýdalanyp, ýurduň günortasynda öz pozisiýalaryny berkitmegi başarypdyrlar.

Ýemeniň prezidenti Abdrabbu Mansour Hadi “Al-Kaýda” garşy göreşiň wajyp meseleleriň biridigini nygtady.
XS
SM
MD
LG