Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da uniwersitetde ot açyldy, ýedi adam öldi


ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky bir hristiýan uniwersitetinde ýaragdan ot açylanda azyndan ýedi adam öldi.

Oikos uniwersitetinde bolan bu wakada başga-da üç adamyň ýaralanandygyny polisiýa habar berýär.

Polisiýa ot açmakda gümän edilýän adamyň tussag edilengini aýdýar.

Ýerli mediada berlen maglumata görä, uniwersitetiň ozalky studentleriniň biri okuw klasynda ot açypdyr.

Polisiýa ot açanyň milletiniň koreýdigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG