Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň bazaryndaky ýangynda 17 adam öldi


Agzalýan ýangyn Moskwanyň günortasynda ýerleşýän “Kaçalowskiý” bazaryndaky ammarda döredi.
Agzalýan ýangyn Moskwanyň günortasynda ýerleşýän “Kaçalowskiý” bazaryndaky ammarda döredi.
Moskwada 3-nji aprelde irden şäher bazarlarynyň biriniň ammarynda ýangyn döräp, wakada azyndan 17 adam öldi. Häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, olaryň aglabasy täjik dilli migrantlar.

Ilki başda ors metbugaty ölenleriň aglabasynyň täjigistanly bolmagynyň mümkindigini ýazypdy. Emma Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, Orsýetiň DIM-i täjik häkimiýetlerine ölenleriň hemmesiniň Özbegistanyň raýatlarydygyny aýdypdyr. Bu maglumaty rus ýa özbek häkimiýetleri häzirlikçe tassyklamadylar.

Moskwa polisiýasynyň metbugat wekili Ýuliýa Anasowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýangynda ölenleriň kimlerdigini anyklamak kyn. Sebäbi olaryň ähli zady ýanypdyr.

“Biz şol ammarda kimleriň bolandygy we olaryň nädip bu ýerde ýaşandygy we olaryň rugsatlarynyň bolup-bolmandygy barada derňew işlerini geçirmekçi“ diýip, Anasowa aýdýar. “Çünki ol ýer ammar, ol ýaşamaga ýa-da ýatmaga niýetlenmändi”.

Merkezi aziýaly zähmet migrantlary Moskwadaky bazarlarda arzan işçi güýji hasaplanýar. Emma olara ýaşaýyş jaýy berilmeýär ýa jaý üçin pul tölenmeýär.

Agzalýan ýangyn Moskwanyň günortasynda ýerleşýän “Kaçalowskiý” bazaryndaky ammarda döredi. Şol ammar köp işçiniň wagtlaýynça ýaşaýan ýeridi. Halas edijiler ýangyny iki sagadyň dowamynda öndürdiler. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmiler ýangyn bolan ýerden ilki başda 15 jesediň tapylandygyny habar berdiler.

Ýangyna näme sebäp boldy?

Ýangynyň döremeginiň sebäpleri barada derňew dowam edýär. Resmileriň aýtmaklaryna görä, bazarda ýangynyň yüze çykmagyna ýangyn howpsuzlygy boýunça düzgünleriň bozulmagynyň ýa-da elektrik togundaky näsazlygyň sebäp bolan bolmagy mümkin.

Moskwa şäheriniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň metbugat wekiliniň sözlerine görä, işçiler wagtlaýyn ýaşamak üçin demir budkany ulanypdyrlar. Habarlara görä, olar daşaryk çykmaga çykalgasy bolmadyk dar göwrümli demir tünekde dört hatara goýlan iki gatly demir krowatlarda ýatýan ekenler.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça resmileriniň aýtmaklaryna görä, işçileriň öz ýaşaýan ýerini ýylatmak üçin bütin gije elektrik peç ýakan bolmaklary mümkin.

“Orsýetdäki täjik zähmet migrantlarynyň hereketiniň” başlygy Karomat Şaripowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, işçileriň ýaşaýan ýerinde hiç hili şertler ýok eken: “Biz zähmet migrantlarynyň gullaryňky ýaly şertlerde ýaşaýandyklaryny ýene bir gezek gördük. Olar hakykatda öldürildi. Ol ýerde ýangyn dörände, gapy gulply eken”.

Orsýetde Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen birnäçe million zähmet migrantlary bar. Olaryň aglabasy gurluşyklarda ýa-da bazarlarda işleýärler. Emma olaryň köpüsiniň Orsýetde işlemäge resmi rugsatlary ýok. Şonuň ýaly-da migrantlary işledýänler olar barada häkimiýetlere hiç wagt resmi maglumat bermeýärler. Şol migrant işçileriň köpüsi ýerzeminlerde ýa-da wagtlaýyn jaýlarda ýaşaýarlar.

2009-njy ýylyň ýanwarynda Moskwada gurluşygy gidýän bir jaýyň ýerzeminindäki maşyn goýulýan garažda ýangyn bolanda, 7 sany zähmet migranty ölüpdi. Olar şol ýerde ýaşaýardylar.

2011-nji ýylyň maýynda Moskwanyň merkezindäki binada ýangyn bolanda hem 7 migrant ölüpdi.
XS
SM
MD
LG