Sepleriň elýeterliligi

Hazar: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky täze bäsleşik


Azerbaýjanyň “Hazar adalary” proýektinden bölek

Azerbaýjanyň “Hazar adalary” proýektinden bölek

Merkezi Aziýanyň käbir döwletlerinde we Azerbaýjanda ägirt uly ymaratlary gurmak üçin ummasyz möçberde pul serişdelerini goýbermek eýýäm adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Indi Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň arasynda täze bir bäsleşik, ýagny Hazar deňziniň ýakasynda dynç alyş zolaklaryny döretmek ugrundaky ýaryş başlandy.

Azerbaýjan: “Hazar adalary”



“Dubaýyň yzyndan ýeteris, hatda ondan ozup geçeris” – belki-de, şu sözler bilen nebite baý Azerbaýjanyň häzirki arzuw-hyýalyny häsiýetlendirip bolar. Geçen ýyl Azerbaýjan Dubaý emirliginden görelde alyp, Hazar deňziniň içinde emeli adalary döredip başlady. Belläp geçmeli bolsa, bu ugurda azeri proýekti araplaryňka görä has uly gerime eýe. Döredilýän täze şäher Hazaryň kenaryndan 4-8 km uzaklykda ýerleşip, onuň gurluşygy 25 ýyl dowam eder.

Suwuň üstünde şäheri gurmak proýektini Azerbaýjanyň hususy “Awesta” şirketi alyp barýar. Şäheriň meýdany 30,000 m2 deň bolar. Onda 25 gatly ýaşaýyş jaýlary, biznes we söwda merkezleri bina ediler. Mundan başga-da proýektiň awtorlary täze şäherde dünýäniň iň beýik binasyny gurmagy hem niýet edinýärler. “Azerbaýjanyň binalary” atly bu myhmanhana 185 gatdan ybarat bolar.

Proýektiň gurluşygynyň 100 milliard dollara durjakdygy çak edilýär. Bu görkeziji Azerbaýjanyň dolanyşykdaky içerki önüminiň mukdaryndan hem köp. Suwuň üstündäki şäherde ýaşaýyş jaýynyň her m2 -niň bahasynyň 4 müň dollara deň boljakdygy aýdylýar. Proýektden girdejileri şähere geljek turistleriň, kireýine beriljek we satyljak jaýlaryň hasabyna gazanmak göz öňünde tutulýar.

Gazagystan: “Kenderli”



Nebite baý Gazagystan hem Hazaryň boýunda, edil Azerbaýjanyň geriminde işleri alyp barmasa-da, bu ugurda belli bir tagallalary edýär. “Kenderli” ady berlen proýekte görä, deňziň ýakasynda 23 otel, 4 müň willa we kottej gurmak göz öňünde tutulýar. Bu proýektiň bahasy 2,8 milliard dollara deň. Taslama görä, bu ýerde 22 müň adam dynç alyp biler.

Bu ýere her ýyl ýarym milliona golaý turistiň gelmegine garaşylýar. Bu ýerde biznes we söwda merkezlerini, üç-dört-bäş ýyldyzly myhmanhanalary hem bina etmek göz öňünde tutulýar.

“Kenderli” proýekti 1,7 müň gektar meýdanda ýerleşer. Proýektiň tarapdalarynyň bellemegine görä, proýekt diňe bir Mangystau oblastyna däl, eýsem tutuş Gazagystana hem bähbit getirer. Ýerli häkimiýetler proýektiň netijesinde Hazar deňziniň hapalanmajakdygyny aýdýarlar.

Türkmenistan: “Awaza”



Ozalky Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky “Awaza” diýen ýerde kurort merkezini döretmek pikiri entek ýurduň ozalky prezidenti Saparymyrat Nyýazow tarapyndan öňe sürlüpdi. Proýekti durmuşa geçirmek işleri ýurduň häzirki baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwründe başlandy.

Ýurtda “Awaza” atly milli turistik zolagy döredildi. Proýekte görä, umumy bahasy 5 milliard dollara durjak 60 töweregi myhmanhanany gurmak göz öňünde tutulýar. Berdimuhamedowyň söz bermegine görä, proýekt tamamlanandan soň Türkmenistan syýahatçylyk biznesinde Ispaniýa, Türkiýe we Müsür ýaly döwletler bilen hem bäsleşip biler. Häzirki wagtda “Awazada” sekiz otel açyldy.

Türkmen hökümetiniň öňe sürmegine görä, olar halkara sermaýany çekmek üçin ägirt uly ýeňillikleri döredýärler. Ýöne bu aşa mahabatlandyrylýan ýeňillikleriň hatarynda dünýäniň islendik beýleki bir döwletinde hereket edýän şertler hem görkezilipdir. Mysal üçin, sermaýaçy öz hyzmatlaryndan gazanan girdeýjisini ýurduň daşyna çykaryp ýa-da milli pul birligini erkin konwertirlenýän walýuta çalşyp bilýär.

Häzire çenli öz serişdelerini “Awaza” zolagyna ýatyrjak sermaýaçy orta çykanok. Munuň hem öz sebäpleri bar: Türkmenistanda ýeri satyn alyp bolanok, ol diňe 40 ýyl möhlet bilen kärendesine berilýär; ýurt juda ýapyk, şol sebäpli-de wiza kynçylyklarynyň döremegi mümkin. Ýöne iň esasy kynçylyk – daşary ýurt sermaýalaryny goramak boýunça kanunlaryň ejizligindedir. Munuň üstesine-de tebigy gaza baý Türkmenistan bitarap sudlaryň hökümlerini ykrar edenok.

Hazarda geň-enaýy täsinlikler peýda bolarmy?

"Awaza"

"Awaza"

​Häzirki ykdysady çökgünligiň fonunda gürrüňi edilen bu proýektleriň näderejede maksada laýyk boljakdygy belli bir soraglary döredýär. Meselem, Azerbaýjan “Kaspiý adalary” proýektine ýatyrylan pullaryny nädip ödemekçi? Bu ýerde 100 m2 satyn almak üçin, adaty azerbaýjanly 70 ýylyň dowamynda iýmän-içmän, pul toplamaly. Ýa-da Azerbaýjan bu ada bir million tütjary çekmek isleýärmikä?

Türkmenistanyň “Awaza” proýektiniň ýurduň ýaşaýjylary baradaky alada sebäpli durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Muňa garamazdan, bu proýektiň ýerlikliligi belli bir tankydy garaýyşlary döredýär. Ýerli ýagdaýa görä, “Awazada” dynç almak onçakly bir arzan hem däl. Geçen ýyl adaty türkmenistanlynyň aýlygy 280 dollara barabar bolupdy. “Awazada” bir adamlyk otagyň bahasy bir gije-gündiz üçin 50 dollara, iki adama niýetlenen otag bolsa 70 dollara durýar. Netije-de bir maşgala üçin “Awazada” dynç almak 700 dollara durar. Adaty raýat bu pullary nirden almaly?

Gazagystanyň “Kenderli” proýekti öz goňşularyna garanyňda hakykata has ýakyn ýaly bolup görünýär. Ýöne bu ýere turistleri çekmek üçin ýurt özüniň kanunçylygyny üýtgedip, bu ýerde wizasyz düzgüni ornaşdyrmaly bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG