Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Spirtli içgilere wagtlaýyn çäklendirme girizildi


Türkmenistanda "Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi" dowam edýär. Onuň çäklerinde ilat arasynda dürli köpçülikleýin çäreler, sport ýaryşlary, sagdyn durmuş terzi baradaky wagyz-ündew işleri alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan raýatlar şol çäreleriň iň gowularynyň biri hökmünde hepdäniň dowamynda spirtli içgileriň söwdasyna, olaryň restorandyr kafelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde satylmagyna girizilen wagtlaýyn çäklendirilmegini görkezýärler.

Türkmenabat şäheriniň hususy azyk dükanlarynyň biriniň satyjysy, 27 ýaşly Hemdem ýerli häkimiýet edarasynyň, polisiýanyň, salgyt inspeksiýasynyň, saglygy göraýyş bölüminiň işgärlerinden düzülen ýörite toparyň dükanlara aýlanyp, kuwwaty 30 gradusdan (derejeden) geçýän spirtli içgileriň söwdasyny hepdäniň dowamynda çäklendirmegi talap edendiklerini aýtdy.

“Gündelik söwdamyzyň möçberiniň kemelendigine garamazdan, men bu çäräni ikelläp goldaýaryn” diýip, satyjy ýigit Hemdem aýtdy. “Saglyk hepdeligi diýlensoň, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän zatlardan gaça durulmagy gerek. Hepdeligiň dowamynda geçirilýän şeýle çäreleriň adamlaryň aňyna täsir etjegi, olaryň sagdyn durmuş terziniň peýdasyna göz ýetirjegi görnüp dur”.

Türkmenabadyň merkezi bazarynda azyk harytlaryny satýan gelin Miwe bolsa soňky döwürde lisensiýasyz arak söwdasynyň soňuna çykylandygyny aýtdy.

“Merkezi bazarda hem onuň töwereginde lisenziýaly arak söwdasyny edýän dükanlaryň birnäçesi bar” diýip, söwdagär gelin Miwe aýtdy. “Häzir olaryň köpüsi ýapyk dur. Ýöne satyjylaryň käbiriniň şol ýapyk dükanlaryň daşynda köw-söw eden bolup ýörenini görmek bolýar. Olar aragy ogryn satýarlar”.

Araksyz toýlar

72 ýaşly oba ýaşulusy Ýagşyguly aga spirtli içgileriň söwdasyna, toý-şagalaňlarda olaryň hödürlenişine wagtlaýyn çäklendirme girizilmegini makullaýandygyny nygtaýar. Ol özleriniň adamlaryň arasynda hepde dowamynda geçirilýän toýlarda, beýleki maşgala dabaralarynda hem myhmanlara spirtli içgileri hödürlemezlik barasynda düşündiriş geçirip ýörendiklerini aýdýar.

“Men diňe bir Saglyk hepdeliginde däl, eýsem ýylyň bütin dowamynda aragyň öndürilişine hem söwdasyna edil neşä, çilime, nasyň söwdasyna girizilen gadaganlyk ýaly, berk çäklendirmeleriň girizilmeginiň tarapdary” diýip, oba ýaşulusy aýtdy. “Sebäbi adam saglygyna spirtli içgileriň ýetirýän zyýany-da neşeden ýa çilimden pes däl. Spirtli içgiler maşgalanyň bozulmagyna, dürli jenaýatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýan esasy zatlaryň biri”.

Ýagşyguly aganyň ýene-de bellemegine görä, soňky döwürde welaýatda araksyz geçirilýän toýlaryň sany artypdyr.

“Ýöne käbir ýerli we kanun goraýjy edaralaryň wekillerinde araksyz-şerapsyz toý tutýanlar babatda nädogry garaýyş bar. Olara derrew “wahhabist” diýen tagmany basýarlar. Ýöne ol nädogry” diýip, oba aksakgaly aýdýar. “Yslama uýýanlar üçin arak içmek haram. Ata-babalarymyz toýlary arak-şerapsyz tutupdyrlar. Oňa derek göreş, at çapyşygy ýaly, dürli tomaşalar guralypdyr. Olarda häzirki arakly toýlardaky ýaly uruş-sögüş bolmandyr”.

Şu günler dowam edýän "Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi" we onuň çäklerinde guralýan çäreler, oňa adamlaryň garaýşy döwlet derejesinde yglan edilen bu başlangyjyň ilat arasynda goldaw tapýandygyndan habar berýär. Emma spirtli içgiler saglyga zyýan ýetirýän hem bolsa, ol meniň şahsy meseläm diýýänler hem ýok däl.
XS
SM
MD
LG