Sepleriň elýeterliligi

Köpçülikleýin maşk edişlik


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maşk edýär, Türkmenbaşy şäheri, 2010-njy ýyl.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maşk edýär, Türkmenbaşy şäheri, 2010-njy ýyl.

7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, ýurtda ilkinji gezek “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi” geçirilýär. Giň gerimde barýan bu hepdeligiň dowamynda 30-dan gowrak dürli köpçülikleýin çäreler geçiriler.

Resmi metbugatda berilýän habardan çen tutulsa, bu hepdelige ýurduň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri, guramalaryň gullukçylary we dürli derejeli okuw jaýlarynyň okuwçylary hem-de studentleri gatnaşýarlar.

Tutuş ýurt boýunça geçirilýän bu çäreler türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar programmasynda yzygiderli görkezilýär. Olarda bedenterbiýe maşklaryny edip duran ýurduň edara-kärhanalarynyň işgärlerini, okuw jaýlarynyň okuwçylaryny we studentlerini görmek bolýar.

Şolar ýaly köpçülikleýin bedenterbiýe çäresine gatnaşan döwlet edarasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, bu maşklar mejbury edilýär.

“Başlygymyz işgärleriň öz işlerini taşlap, bedenterbiýe maşklaryny etmelidigini aýtdy. Telewideniýä düşürilýändigimiz üçin, bize birmeňzeş eşik geýmegi buýurdylar” diýip, ol aýdýar. “Telewideniýä düşen mahalymyz kimiň haýsy ýerde durmalydygyny, haçan näme etmelidigimizi aýdýardy. Eger-de bar zat sazlaşykly bolmasa, ýene-de gaýtalamaly bolýar”.

Aşgabatda ýerleşýän keselhanalaryň lukman işgärlerinden biriniň aýtmagyna görä, resmi bolmadyk bu tabşyryklar olara hem degişli ekeni.

“Şu hepdeligiň dowamynda her gün sagat 11-12-lere açyk howada aýlanmaly, bedenterbiýe maşklaryny etmeli” diýip, Aşgabatdaky keselhananyň lukmany aýtdy. “Hemme kişi, hirurglara çenli işini taşlap maşk etmeli. Bu maşklary etmäge azyndan 40-dan gowrak adam gatnaşmaly. Emma bu çäräni geçirmek barada resmi buýruk yglan edilenok”.

Meýletinlere rugsat ýok

Bu hepdeligiň çäginde ençeme sport ýaryşlary hem geçirilýär. Emma şol ýaryşlara meýletin tomaşa etmäge barýan tomaşaçylaryň stadiona goýberilmeýän halatlarynyň hem bolýandygyny aýdýanlar bar.

“Men oglumy alyp, Aşgabatda geçirilen sport ýaryşyna tomaşa etmäge bardym. Emma ýaryşy gurnaýjylar tribunalarda ýer ýok diýdiler” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy. “Ýaryş telewideniýä düşürilýän ekeni. Şonuň üçin tribunalarda birmeňzeş sport egin-eşigindäki ýaş tomaşaçylar oturdylypdyr”.

Häzirki geçirilýän “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligini” alkogolly içgileriň muşdaklary hem ýatdan çykarmasalar gerek. Dükanlarda alkogolly içgileri satmak gadagan edilipdir. Käbir dükanlarda alkogolly içgileriň üsti uly kagyz bilen ýapylan bolsa, beýlekilerde olary görner ýaly ýerden aýrypdyrlar.

7-nji aprelde bu hepdeligiň jemleýji pursady, ýagny Bütindünýä saglyk güni bellener. Adat boýunça şol günüň esasy çäresi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň Saglyk ýollarynda geçiriler. Şonuň üçin hem edil häzirki döwürde şol ýollara gezelenje barmagyň gadagan edilendigi aýdylýar.

Şol ýola gezelenje barmaga synanyşanlaryň biri hem Aşgabadyň ýaşaýjysy Almaz aga. “Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, Giňdiwar dagynyň çür depesinden geçýän Saglyk ýoluna barjak bolanymda, maňa rugsat edilmedi” diýip, Almaz aga aýdýar. “Sebäbi näme diýip sorasam, 7-nji aprelde bu ýerde döwlet derejesinde geçiriljek köpçülikleýin çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar diýdiler”.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän “Saglyk we bagtyýarlyk hepdeligi” 8-nji aprelde tamamlanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG