Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly söweş lideri ABŞ-nyň bildirýän aýyplamasyny ret edýär


Öz ýerleşýän ýeri barada anyk maglumat berilmegi üçin Birleşen Ştatlar tarapyndan 10 million dollar sylag berilmeli edilen pakistanly söweşjeň lider Hafiz Mohammad Saed çarşenbe güni özüne garşy bildirilýän aýyplamalary ret etdi.

Pakistandaky “Laşkari Taýba” diýlip atlandyrylýan yslamçy söweşjeň topary esaslandyryjy diýlip hasaplanylýan Hafiz Mohammad Saedi Birleşen Ştatlar 2008-nji ýylda Hindistanyň Bombeý şäherinde 160 töweregi adamyň ölümine getiren hüjümlere dahyllylykda aýyplaýar.

Hafiz Mohammad Saediň özi Waşingtonyň özüni nyşana almagynyň sebäbini Pakistanyň üsti bilen NATO-nyň ýük geçirmegine garşy köpçülikleýin demonstrasiýalary gurnandygy üçin özünden ar alynmasy hökmünde düşündirýär we özüniň terror işlerine dahyllydygyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG