Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda wodkanyň daşyna Allanyň adynyň ýazylmagy gahar döretdi


Gazagystanda çüýşeleriniň ýüzüne “Allanyň emri hemmeler üçin ýeterlikdir” diýlip, “Gurhanyň” aýatyndan sözler ýazylan wodka önümleriniň çykarylmagyna gazagystanly musulman liderleri öz nägileliklerini bildirdiler.

Gazagystanyň demirgazygyndaky Semeý şäheriniň mediasy ýerli ymamlaryň Allanyň ady ýazylan spirtli içgileriň çykarylmagyna protest bildirip, bu ýagdaýy aglaba ilaty musulmanlardan durýan Gazagystanda “göz öňüne-de getirip bolmajak waka” diýip atlandyrandyklaryny habar berýär.

Maglumatda Allanyň ady ýazylan ýerli wodkanyň her çüýşesiniň bahasynyň 5 amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG