Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Täjigistana blokada edilýändigini ret edýär


Täjigistanyň Özbegistan tarapyndan ykdysady blokada sezewar edilýändigi barada täjik häkimiýetleriniň bildiren aýyplamalaryny çarşenbe güni Özbegistanyň hökümeti ret etdi.

Hepdäniň sişenbe güni Täjigistanyň Moskwadaky ilçihanasy Özbegistanyň häkimiýetleriniň özleri üçin bähbitli bolan proýektleri Täjigistana kabul etdirtmek üçin elektrik toguny öçürmek, tebigy gazyň akymyny kesmek we transport ýollaryny baglamak ýaly metodlary ulanýandyklaryny aýdyp, Özbegistany tankyt etdi.

Täjigistanyň resmileri bu ýagdaýyň dowam etdirilen halatynda Täjigistanda gumanitar betbagtçylygyň ýüze çykmagynyň mümkindigini aýdyp, duýduryş berdiler.

Çarşenbe güni muňa jogap berip eden çykyşynda Özbegistanyň premýer-ministri bu ýüze çykan problemalaryň tehniki sebäpler bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG