Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahaty geçirildi


Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti we harby güýçleriniň Baş komanduýuşisi G.Berdimuhamedow ýurduň serhet birleşmeleriniň birinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahatyny geçirdi.

Serhet birleşmesine eden bu saparynda G.Berdimuhamedow ol ýerdäki häzirkizaman tipli serhet şäherçesiniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Soňra bu serhet birleşmesiniň binasynda geçirilen maslahatda ýylyň birinji kwartaly boýunça ýurduň harby we kanun goraýjy organlarynyň işiniň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň harby we kanun goraýjy pudaklarynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG