Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýanyň prezidenti wezipeden çekilýär


Boris Tadiç çarşenbe güni media işgärleriniň öňünde özüniň prezidentlik wezipesinden çekilýändigini barada beýanat bilen çykyş etdi. Belgrad, 4-nji aprel, 2012.
Boris Tadiç çarşenbe güni media işgärleriniň öňünde özüniň prezidentlik wezipesinden çekilýändigini barada beýanat bilen çykyş etdi. Belgrad, 4-nji aprel, 2012.
Çarşenbe güni Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Munuň özi ýurtda möhletinden öň prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine ýol açýar.

Mundan öň Serbiýanyň parlamentine we ýerli geňeşlerine 6-njy maýda saýlaw geçirmeklik planlaşdyrylýardy. Ýöne indi bu saýlawlar bilen birlikde prezidentlik üçinem ses berişligiň geçirilmegi mümkin diýlip garaşylýar.

Boris Tadiç geljekki saýlawlarda özüniň gaýtadan prezidentlige dalaş etjekdigini-de mälim etdi. Onuň häzirki prezidentlik möhleti şu ýylyň ahyrynda tamamlanmalydy.

Näme üçin çekildi?

Synçylar Boris Tadiçiň wezipesinden möhletinden öň çekilmegini onuň öz Demokratik partiýasynyň geljekki parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen äden ädimi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Boris Tadiçiň wezipesinden çekilmegi bilen, indi onuň wezipesini wagtlaýynça parlamentiň häzirki spikeri Slawika Dukiç Dejanowiç ýerine ýetirer. Ol hem ýakyn günlerde geljekki prezidentlik saýlawlarynyň anyk geçiriljek gününi yglan etmeli.

Serbiýanyň prezidentligine her bir raýat bäş ýyl möhlet bilen maksimum iki gezek saýlanyp bilinýär. Boris Tadiç bu wezipede iki möhlete golaý oturdy. Ýöne onuň ilkinji gezek 2004-nji ýylda Çernogoriýa bilen Serbiýanyň soýuzdaşlygy döwründe saýlanandygyna görä, onuň indi üçülenji gezek prezident saýlanmaga-da hukugy bar diýlip hasaplanylýar.

Şol 2004-nji ýylda-da Demokratik partiýanyň şol wagtky lideri, premýer-ministri Zoran Jinjiçiň janyna kast edilip öldürilmeginiň yzy bilen, Boris Tadiç Demokratik partiýanyň liderligine saýlanypdy.

Demokratik partiýanyň abraýy peselýär

Serbiýada ilat arasynda geçirilen soňky pikir soraýyşlyklar Serbiýanyň milletçi oppozision Progressiw partiýasynyň Demokrtik partiýadan hem birneme köp goldawdan peýdalanýandygyny görkezdi. Bu oppozision partiýanyň lideri Tomislaw Nikoliç geljekki prezidentlik saýlawlarynda Boris Tadiç bilen bäsleşer diýlip garaşylýar.

Soňky wagtlar Serbiýanyň köp ýaşaýjylary ýurduň ykdysady we sosial kynçylyklarynda Boris Tadiçiň hökümetini aýyplap gelýärler.

Hepdäniň çarşenbe güni eden çykyşynda Boris Tadiç öz syýasatynyň Ýewropanyň integrasiýa ýoluna eýerjekdigini aýdyp, geljekki saýlawlarda ses berijileriň Serbiýanyň haýsy ýol bilen gitmelidigini kesgitlemeli boljakdyklaryny nygtady.
XS
SM
MD
LG