Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli bagtyýarlyga barýan ýoluň gözleginde


Kosta Rikanyň prezidenti Laura Çinçilla (sagda) we Butanyň premýer-ministri Jigmi Ý. Tinleý BMG-niň forumynda, Nýu-Ýork, 2-nji aprel.
Kosta Rikanyň prezidenti Laura Çinçilla (sagda) we Butanyň premýer-ministri Jigmi Ý. Tinleý BMG-niň forumynda, Nýu-Ýork, 2-nji aprel.
Bütindünýä liderlerinden, ykdysadyýetçilerinden we ösüş ekspertlerinden durýan 600-den gowrak adam duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynda "Bagtyýarlyk haýsydyr bir ýurduň üstünlik gazanmagy üçin edil milli önümçilik ýaly ähmiýetli" diýilýän teoriýa boýunça pikir alyşdylar.

Butan patyşalygy tarapyndan gurnalan bu üç günlük maslahatdan maksat – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna giň gerimli hasabat taýýarlap, dünýäde bagtyýarlygy gowulandyrmagyň ýollaryny görkezmek.

Maslahatyň ilkinji gününde çykyp geplänler, beýlekiler bilen bir hatarda, Pan Gi Mun bilen Kosta Rikanyň prezidenti Laura Çinçilla boldy. Şeýle hem Hindistandan, Ýaponiýadan, Ysraýyldan, Tailanddan, Awstraliýadan we Beýik Britaniýadan ministrler çykyş etdiler.

Maslahata 2001-nji ýylda Nobel baýragy bilen sylaglanan ykdysadyýetçi Josef Stiglitz bilen Kolumbiýa uniwersitetiniň Ýer institutynyň direktory Jeffri Saks hem gatnaşdy.

Konferensiýanyň aňyrsynda ýatan esasy pikir daşky gurşawy goramagyň, resurslardan "adalatly peýdalanmagyň" halkyň bagtyýar ýaşamagynda uly rol oýnaýandygy. Beýleki ýurtlara görelde diýip öwülýän ýurt – dünýäniň iň ýaşyl ykdysadyýeti diýlip tanalýan Kosta Rika.

Çykyş edenleriň köpüsi aşa köp sarp edijiligiň jemgyýetiň bagtyýarlygyna zyýanlydygyny bellediler. Butanyň premýer-ministri Jigmi Ý. Tinleý "paýhassyz sarp edijiligi", dünýäniň resurslarynyň "ahlaksyzlyk" bilen sarp edilmegini ýazgardy.

"Problema döredýän zat biziň peýdalylykdan birçak galan, düýbünden şowsuzlyga uçran ykdysady düzgünlerimiziň özi. Dünýäniň başyna bela bolup inen, adamzada howp salýan ykysady, ekologik, sosial we howpsuzlyk krizislerine onuň öz içinde çözgüt ýok" diýip, Butan aýtdy.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Ýer institutynyň direktory Saks hem dünýäniň häzirki ykdysady modelini häzirki görnüşinde saklap bolmaz diýilýän garaýyşy gaýtalady.

​"Biz köne ýoluň soňky çägine gelip ýetdik. Barýan ýolumyz bilen mundan aňry gidip bilmeris. Ykdysady ösüşi häzirki tehnologiýalaryň usulynda dowam etdirsek, onda diňe bir ösüşiň däl, eýsem diri galmak mümkinçiliginiň-de köküni gyrarys. Bu çişirip aýdylýan zat däl, bu iş eýýäm gidip dur" diýip, Saks aýtdy.

Saks maslahatdan peýdalanyp, dünýäniň bagtyýarlygy barada Ýer instituty tarapyndan taýýarlanan ilkinji hasabaty hödürledi. Onda görkezilmegine görä, iň bagtyýar ýaşaýan ýurtlar - Daniýa, Norwegiýa, Finlýandiýa, Niderlandlar - baý ýurtlaryň hatarynda durýarlar. Bagtyýar durmuşdan mahrum ýurtlar hem köplenç Afrikanyň günorta böleginde ýerleşýän garyp ýurtlar.

Nobel baýragyny alan ykdysadyýetçi Stiglitziň aýtmagyna görä, milli önümçilik halkyň öňat ýaşaýandygyny görkezmäge ukyply gowy ölçeg däl. Sebäbi ol ilkinji nobatda bir jemgyýeti tutuşlygyna ölçeýär. Mysal üçin, Birleşen Ştatlarda milli önümçilik onlarça ýyl bäri artyp gelse-de, aglaba amerikanlaryň aýlyk haky aşaklady.

Stiglitz Birleşen Ştatlardaky, Ýewropa Bileleşigindäki işsizlik krizisine diňe milli önümçilige zyýanly statistika diýip däl, eýse ejir-azaba, millionlarça adamyň bagtyýarlykdan mahrum bolamgyna getirýän krizis diýip garalmalydygyny belledi.
XS
SM
MD
LG